Kö­pet­da­gyň owa­dan kün­je­gin­de ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahalteke at­çy­lyk sport top­lu­my bu ýe­re ba­ran­la­ry be­ýik­li­gi 20 met­re ba­ra­bar bo­lan as­ma­na gö­te­ril­mä­ge hy­ýal ed­ýän bäş sa­ny aja­ýyp be­de­wiň heý­ke­li bi­len gar­şy al­ýar.
Edil jan­ly ýa­ly şe­kil­len­di­ri­len bü­rünç be­dew­le­riň ar­ka ta­ra­pyn­da at­çy­lyk sport top­lu­my­nyň iki sa­ny be­lent ötü­gi bo­lan gi­rel­ge­si bar. De­ňi­-ta­ýy bol­ma­dyk bu uly top­lu­myň umu­my meý­da­ny 90 gek­tar­dan gow­rak bo­lup, ol köp san­ly des­ga­la­ry özün­de jem­le­ýär. Des­ga­nyň gur­lu­şy­gy­na 2009-njy ýyl­da ba­dal­ga ber­lip­di. Hal­ka­ra ahalteke at­çy­lyk sport top­lu­myn­da mer­ke­zi ça­puw ýo­da­sy­nyň umu­my uzyn­ly­gy 2 müň metr bo­lup, ki­çi­le­ri 1800 metr­dir. Şeý­le hem bu ýer­de 1900 metr­lik ot­ly we 1800 metr­lik be­ton ýo­da­lar bar. Ça­py­şyk gün­le­rin­de boş orun bol­ma­ýan to­ma­şa­çy üçin ni­ýet­le­nen tri­bu­na­lar 7 müň orun­lyk­dyr. Tri­bu­na­nyň aşa­gyn­da­ky bi­rin­ji gat­da aý­la­wyň eda­ra ediş, ho­ja­lyk we gul­luk otag­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir, olar­da top­lu­myň iş­gär­le­ri­niň ne­ti­je­li işi üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­lip­dir. Bi­na­nyň ikin­ji ga­tyn­da oňaý­ly eý­wan­lar we çaý­ha­na bar. Ol ýer­de süý­ji ta­gam­lar, şol san­da mil­li aş­ha­na­nyň dat­ly na­har­la­ry hö­dür­len­ýär. Üçün­ji gat­da bol­sa 52 orun­lyk myh­man­ha­na we SIP – to­ma­şa za­ly bar. Dör­dün­ji gat­da be­lent mer­te­be­li myh­man­lar üçin ýö­ri­te to­ma­şa za­ly bar. Hal­ka­ra ahalteke at­çy­lyk sport top­lu­my iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny, ýaş­lar spar­ta­kia­da­la­ry­ny, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki açyk bi­rin­ji­li­gi we ýa­ryş­la­ry ge­çir­mä­ge do­ly müm­kin­çi­lik ber­ýär.
“Fle­ming­ton Racecour­se”
Awst­ra­li­ýa­nyň Mel­burn şä­he­rin­dä­ki bu aý­law 1840-njy ýyl­da gu­rul­ýar. “Fle­ming­ton” ady bi­len meş­hur­ly­ga eýe bo­lan bu aý­law­da at­çy­lyk spor­tu­na de­giş­li bir­nä­çe ýa­ryş ge­çi­ril­ýär. Aý­law ulu­ly­gy bo­ýun­ça ta­pa­wut­la­nyp, ol 120 müň jan­kö­ýe­re ni­ýet­le­nen­dir. 2006-njy ýyl­da “Victo­ria Der­by” at­ly at ça­py­şy­gy ýa­ry­şy­na 130 mü­ňe go­laý jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Bu ta­ry­hy aý­law­da her ýyl Mel­burn Ku­bo­gy, “Victo­ria Der­by”, “LKS Mackin­non Sta­kes”, “Emi­ra­tes Sta­kes”, “New­mar­ket Han­dicap” hem-­de Awst­ra­li­ýa Ku­bo­gy ýa­ly iri at ça­py­şy­gy ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär.
“Gol­den Ga­te Fields”
ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da ýer­leş­ýän bu aý­law ýurt­da­ky iň esa­sy aý­law ha­sap­lan­ýar. XIX asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­dan bä­ri dür­li ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän aý­la­wy 1941-nji ýyl­da tä­ze­den gu­rul­ýar. Bu aý­law­da ýy­lyň do­wa­myn­da “El Cami­no Re­al Der­by”, “All Ame­rican Sta­kes”, “San Francisco Mi­le Sta­kes”, “Cali­for­nia Der­by”, “Ber­ke­ley Han­dicap”, “Cali­for­nia Oaks” ýa­ly ýur­duň iri ýa­ryş­la­ry ge­çi­ril­ýär.
“Hip­pod­ro­me de Longchamp”
Se­na der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da­ky Bu­lon to­kaý­ly­gyn­da ýer­leş­ýän bu aýlawyň tut­ýan meý­da­ny 57 gek­ta­ra deň­dir. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­dä­ki bu aýlawda il­kin­ji at ça­py­şy­gy 1857-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de ge­çi­ril­ýär. Bir­nä­çe aý­law ýo­da­sy­ny özün­de jem­le­ýän aýlaw 50 müň to­ma­şa­ça ni­ýet­le­nen­dir. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de Ýew­ro­pa­nyň iň ab­raý­ly ýa­ry­şy ha­sap­la­nyl­ýan “Prix de l’Arc de Triomp­he” ku­bo­gy ýa­ry­şy ge­çi­ril­ýär.
“May­dan Racecour­se”
Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň bel­li şä­he­ri Du­baý­da ýer­leş­ýän bu aý­law 2010-njy ýyl­da gu­rul­dy. 60 müň orun­lyk bu aý­law özü­niň owa­dan­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Aý­la­wyň çä­gin­de 5 ýyl­dyz­ly myh­man­ha­na, şeý­le­-de at es­bap­la­ry­ny, at­çy­lyk spor­tu­na de­giş­li en­jam­la­ry özün­de jem­le­ýän öz­bo­luş­ly mu­zeý, bu ýe­re ge­len­le­riň na­har­lan­ma­gy üçin dür­li ta­gam­la­ry taý­ýar­la­ýan res­to­ran­lar bar.
“Aint­ree Racecour­se”
Ang­li­ýa­nyň Li­wer­pul şä­he­ri­niň Eýnt­ri şä­her­çe­sin­de ýer­leş­ýän bu aý­law 1829-njy ýyl­da açyl­ýar. Da­ba­ra­sy dag aşan bu aý­law­da 1839-njy ýyl­dan bä­ri dün­ýä­niň iň ab­raý­ly ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýan “Grand Na­tio­nal” päs­gel­çi­lik­li at ça­py­şygy bäs­le­şi­gi ge­çi­ri­lip ge­lin­ýär.