“Grand Na­tio­nal”. Ang­li­ýa­nyň Li­wer­pul şä­he­rin­de 1839-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän päs­gel­çi­lik­li at ça­py­şy­gy ýa­ry­şy dün­ýä­de giň­den ta­nal­ýar. Bu ta­ry­hy ýa­ryş­da ça­pyk­su­war­lar 7 ki­lo­met­re (2 aý­law) go­laý ara­ly­gy bel­li-bel­li ýer­ler­de goý­lan 30 päs­gel­çi­lik­den ge­çip, pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup gel­me­li. Bu çyl­şy­rym­ly ýa­ryş­da di­ňe Red Rum at­ly ata 3 sa­par ýe­ňi­ji bol­mak ba­şart­dy. Umu­my pul gaz­na­sy 1 mil­li­on funt ster­lin­g bo­lan at ça­py­şy­gyn­da ýe­ňi­jä 561 müň funt ster­ling gow­şu­ryl­ýar.
Du­baý Dün­ýä Ku­bo­gy. Il­kin­ji­si 1996-njy ýyl­da ge­çi­ri­len Du­baý Dün­ýä Ku­bo­gy at ça­py­şy­gy ýa­ry­şy pul baý­ra­gy ba­bat­da öň­dä­ki ha­tar­da dur­ýar. Ýa­ryş Du­baý­da­ky ýa­şyl ýo­da­ly “May­dan” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýär. Her ýy­lyň mart aýy­nyň ahyr­ky ýek­şen­be­sin­de ge­çi­ril­ýän bu at ça­py­şy­gy­na soň­ky ýyl­lar­da Jen­ni­fer Lo­pez, Sia, Je­net Jek­son, Kaýl Mi­no­gi, Se­al ýa­ly aý­dym­çy­lar hem kon­sert ber­me­gi üçin ça­gy­ryl­ýar. 13–14 ça­pyk­su­wa­ryň gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da at­lar 2000 metr ara­ly­gy geç­ýär­ler.
Mel­burn Ku­bo­gy. Awst­ra­li­ýa­nyň iň ab­raý­ly ýa­ry­şy bo­lan Mel­burn Ku­bo­gy 1861-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ril­ýär. “Fle­ming­ton” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýän at ça­py­şy­gyn­da at­lar 3200 metr ara­ly­ga öza­ra bäs­leş­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de ab­ra­ýy art­ýan bu ýa­ry­şyň umu­my baý­rak gaz­na­sy 6 mil­li­on dol­la­ra deň­dir. Mel­burn Ku­bo­gyn­da “Ma­ky­be Diva” at­ly be­dew iň köp ýe­ňiş ga­za­nan at­dyr. Ol 2003-nji, 2004-nji hem-de 2005-nji ýyl­lar­da je­mi 3 ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy.

“Prix de l’Arc de Triomp­he”. Gys­ga­ça ady “Ark” diý­lip bi­lin­ýän bu ýa­ryş Pa­riž­dä­ki “Longchamp” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýär. Her ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň il­kin­ji ýek­şen­be­sin­de gu­ral­ýan bu at ça­py­şy­gyn­da at­lar 2400 metr ara­ly­gy geç­me­li. Yk­ly­myň iň öň­de­ba­ry­jy bäs­le­şi­gi diý­lip gör­ke­zil­ýän at ça­py­şy­gy 1920-nji ýyl­dan bä­ri gu­ral­ýar. 5 mil­li­on ýew­ro möç­be­rin­de pul baý­ra­gy gow­şu­ryl­ýan ýa­ryş soň­ky ýyl­lar­da “Longchamp” aý­la­wy abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­ýän­di­gi se­bäp­li “Chan­til­ly” aý­la­wyn­da gu­ral­dy.

“Pe­ga­sus” Dün­ýä Ku­bo­gy. Dün­ýä­niň iň köp pul baý­rak­ly at ça­py­şy­gy bo­lan bu ýa­ryş soň­ky ýyl­lar­da ABŞ-nyň Flo­ri­da şta­tyn­da­ky “Gulfst­re­am Park” aý­la­wyn­da ge­çi­ril­ýär. 1981-nji ýyl­da baş­lan bu at ça­py­şy­gy Nýu Jer­si­dä­ki “Mon­mouth Park Racet­rack” aý­la­wyn­da gu­ral­ýar­dy. Ýa­ryş 2017-nji ýyl­dan bä­ri “Pe­ga­sus” şe­re­ke­ti­niň he­ma­ýat­kär­li­gin­de gu­ra­lyp, onuň pul baý­ra­gy­da 10 mil­li­on dol­lar­dan geç­ýär.