Ulag düzüminiň ösdürilmegi, awtomobil hem-de ulaglaryň beýleki görnüşleriniň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. Bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň dürli maksatly döwrebap awtoulag tehnikalary bilen pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti yzygiderli pugtalandyrylýar.
Ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Kama” awtomobil zawodynda öndürilýän “KamAZ 6520” ýük awtoulaglarynyň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Şol tehnikalar “Türkmenawtoulaglary” agentligine degişli kärhanalara paýlanyp berler we paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy amala aşyrylýan iri desgalarda ulanylar.
Geçen ýylyň iýun aýynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan “KAMAZ” kompaniýasyndan awtoulaglaryň hem-de ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň jemi iki müňe golaýy satyn alnar. Şu ýylyň dowamynda Russiýanyň iri awtoulag kärhanasyndan “KamAZ 6520” ýüküni özi düşürýän awtoulaglaryň eýýäm 181-si alyndy.
Russiýa Federasiýasynyň iri sebiti bolan Tatarystan Respublikasy bilen möhüm ulgamlarda ýurdumyzyň netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy. Özara bähbitli uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däp bolan dostlukly gatnaşyklar her ýyl täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu bolsa Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň Baştutanlarynyň, ilkinji nobatda, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen tagallalarynyň netijesidir.
Tatarystanyň iri kompaniýalary bolan “KamAZ” açyk paýdarlar jemgyýeti, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýleki köp sanly kärhanalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup biler.
Aşgabatda hereket edýän “KamAZ” söwda we okuw-hyzmat ediş merkezinde ulaglara tehniki taýdan doly hyzmat edilýär. Şeýle hem enjamlary ulanmagyň, anyklaýşyň hem-de tehnikalaryň täze görnüşlerini abatlamagyň aýratynlyklaryny öwrenýän türkmen hünärmenleri okadylýar.
“KamAZ-yň” täze ýük tehnikalary “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň awtoulag kärhanalarynyň wekilleri tarapyndan gyzgyn garşylandy. Däbe görä, bu waka mynasybetli ak pata bermek çäreleri geçirildi. Bu ýere ýygnananlar awtoulaglara alaja daňyp, olaryň uzak ýyllar hyzmat etmegini arzuw etdiler.
Bägül ATAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň himiýa-tehnologiýa fakultetiniň mugallymy.