Ge­çen ýyl pa­tent al­mak üçin ýüz tu­tan ýo­ka­ry okuw mek­de­pleriniň 10-sy bilen ta­nyş­dyr­ýa­rys.
10Sten­ford uni­wer­si­te­ti: ABŞ-nyň hu­su­sy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­ri. Dün­ýä­niň iň ab­raý­ly uni­wer­si­tet­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Sten­ford uni­wer­si­te­tin­de 7 müň­den gow­rak ta­lyp we 9 müň­den gow­rak as­pi­rant bi­lim al­ýar. Uni­wer­si­te­tiň uçu­rym­la­ry dün­ýä­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ryn­da ýo­ka­ry we­zi­pe­le­ri eýe­le­ýär­ler. 2019-njy ýyl bo­ýun­ça uni­wer­si­tet pa­tent üçin 132 ýüz­tut­ma ama­la aşyr­dy.
9 Se­ul uni­wer­si­te­ti: Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň iň iri we bel­li ýo­ka­ry okuw mek­de­bi ge­çen ýyl pa­tent üçin 136 ge­zek ýüz tut­dy.
8 Gar­ward uni­wer­si­te­ti: ABŞ-nyň iň ga­dy­my we dün­ýä­niň iň ab­raý­ly uni­wer­si­tet­le­ri­niň bi­ri­dir. Bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň uçu­rym­la­ry, mu­gal­lym­la­ry we bi­ler­men­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly 75 No­bel baý­ra­gy ga­za­nyl­dy. Uni­wer­si­te­tiň ge­çen ýyl­da 140 sa­ny pa­tent ýüztut­ma­sy ha­sa­ba alyn­dy.
7 Dal­ýan teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti: Hy­ta­ýyň Lýao­nin we­la­ýa­tyn­da ýer­leş­ýän bu uni­wer­si­tet ma­şyn­gur­lu­şyk ul­gam­ynda hü­när­men ýe­tiş­dir­mek bi­len meş­hur­dyr. Te­le­ke­çi­lik, me­ne­j­ment we te­bi­gy bi­lim­ler bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän ýo­ka­ry okuw mek­de­bi pa­tent üçin 141 ge­zek ýüz tut­dy.
6 Te­has uni­wer­si­te­ti: yl­my-bar­lag­la­ryň mer­ke­zi­dir, her ýyl 400 mil­li­on­dan gow­rak ma­li­ýe se­riş­de­le­ri gö­nük­di­ril­ýär. Uni­wer­si­te­tiň çä­gin­de 7 mu­zeý, 17 ki­tap­ha­na we Mak­do­nald ob­ser­wa­to­ri­ýa­sy bar. Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi pa­tent üçin 161 ge­zek ýüz tut­dy.
5 Gü­nor­ta-hy­taý teh­no­lo­gi­ýa uni­wer­si­te­ti: Guanç­žou şä­he­rin­de ýer­leş­ýän bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi elekt­ro­ni­ka, teh­no­lo­gi­ýa, ma­şyn­gur­lu­şyk, ara­gat­na­şyk in­že­ner­çi­li­gi, bi­na­gär­lik we gur­lu­şyk ýa­ly ugur­la­ry bi­len meş­hur­dyr. Uni­wer­si­te­tiň ge­çen ýyl­da 164 sa­ny pa­tent ýüz tut­ma­sy ha­sa­ba alyn­dy.
4 Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty: ABŞ-nyň we dün­ýä­niň iň ab­raý­ly teh­ni­ki bi­lim eda­ra­la­ry­nyň bi­ri­dir, dün­ýä sa­na­wyn­da öň­de­ba­ry­jy or­ny eýe­le­ýär. Uni­wer­si­tet ro­bot we eme­li aň ul­ga­myn­da öň­de­ba­ry­jy bo­lup, in­že­ner­çi­lik prog­ram­ma­la­ry, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy, yk­dy­sa­dy­ýet, fi­zi­ka, hi­mi­ýa we ma­te­ma­ti­ka ugur­la­ry bo­ýun­ça taý­ýar­la­ýan prog­ram­ma­la­ry bi­len bel­li­dir. 2019-njy ýyl­da uni­wer­si­tet 230 pa­tent ar­za­sy­ny ber­di.
3 Şenç­žen uni­wer­si­te­ti: Hy­taý­da ýer­leş­ýän bu uni­wer­si­tet ta­lyp­la­ra 84 ba­ka­lawr, 100-den gow­rak ma­gistr we 9 dok­tor­lyk mak­sat­na­ma­la­ry­ny hö­dür­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da uni­wer­si­tet­de tak­my­nan 34656 ta­lyp oka­ýar, şol san­da ola­ryň 27383-si ba­ka­lawr, 7000-den gow­ra­gy as­pi­rant (185 dok­to­rant) we 865-si da­şa­ry ýurt­ly ta­lyp­lar­dyr. 2019-njy ýyl­da uni­wer­si­tet 247 pa­tent ar­za­sy­ny ber­di.
2 Sin­hua uni­wer­si­te­ti: Hy­ta­ýyň öň­de­ba­ry­jy uni­wer­si­tet­le­rin­den bi­ri­dir. Uni­wer­si­tet­de köp san­ly alym, sun­gat iş­gä­ri we sy­ýa­sat­çy bar. 2019-njy ýyl­da uni­wer­si­tet 265 pa­tent ar­za­sy­ny ber­di.
1 Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti: As­lyn­da, bu Ka­li­for­ni­ýa­nyň 10 uni­wer­si­te­ti­niň bir­leş­me­si­dir. Ka­li­for­ni­ýa­da­ky iň kö­ne we ab­raý­ly uni­wer­si­tet ul­ga­my Ber­k­li şä­he­rin­dä­ki Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­dir. 2019-njy ýyl­da uni­wer­si­tet 470 pa­tent ar­za­sy­ny ber­di.
Aýjeren JUMADURDYÝEWA,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.