“JATO Dynamics” kompaniýasynyň hünärmenleri Ýewropanyň iň meşhur awtoulaglarynyň sanawyny taýýarlady. Şol sanawa laýyklykda, birinji orny “Volkswagen Golf” ulagy eýeledi. Bahar paslynyň ilkinji aýlarynda bu ulagyň 23 müňden gowragy satyldy. Ýewropalylar sanawda ikinji orny eýelän “Tesla Model 3” ulagynyň 15 müňden gowragyny satyn aldylar. Sanawda üçünji orny “Ford Focus” ulagy eýeledi.
Şeýle hem “Renault Clio”, “Mercedes-Benz A-Class”, “Skoda Octavia”, “Nissan Qashqai”, “Toyota Yaris”, “Ford Fiesta” we “MINI Hatch” ýaly ulaglar sanawda öz ornuny aldy.
Suraý HUDAÝBERDIÝEWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.