Ýaponiýanyň meşhur “Toyota” kompaniýasy tutuş dünýäde gibrid ulaglarynyň 15 millionyny satdy. Şu ýylyň ilkinji aýlarynda kompaniýa 15 millionlyk sepgide ýetdi. Ýapon awtoulag öndürijisiniň gibrid görnüşli ilkinji ulagy 1997-nji ýylda öndürildi. Ol hem “Prius” kysymly ulag boldy. Ýewropanyň awtoulag bazarynda 23 ýylyň dowamynda bu kysymly ulaglaryň 2,8 millionynyň satuwy amala aşyryldy.
Häzirki wagtda bu kompaniýanyň gibrid görnüşli ulaglary dünýäniň 90-dan gowrak ýurdunda satylýar. “Toyota” kompaniýasynyň gibrid ulaglary benzinli ulaglar bilen deňeşdirilende ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa öňümizdäki 3 ýylyň dowamynda 40 sany täze ýa-da täzelenen görnüşdäki gibrid ulaglaryny satuwa çykarmagy göz öňünde tutýar. Täze görnüşleriň barynyň elektrik togy bilen işlejekdigi mälim edildi. Gibrid ulaglar kompaniýanyň önümçiliginiň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi we olar 2020-nji ýyldaky satuwynyň 23,5 göterimini eýelär.
Ogulgurban MÜRRIKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.