“Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär. Ýokary çeperçilikli we hakyky sungat eserleri umumadamzat baýlygyna öwrülýär” diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin giň şertleriň döredilmegi babatynda taýsyz tagallalary edýär.
Kitap okamak adamyň dünýägaraýşyny giňeldip, şahsyýetiň kämil bolmagy üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, kitap okamagyň berýän oňyn netijeleriniň käbirleri barada durup geçmegi makul bildik:
Ýatkeşligiňizi artdyrar. Adaty ýagdaýda kitap okamak beýniňiziň hemişe işjeň bolmagyna getirer, ýatkeşligiňizi artdyrar.
Pikirlenmegiňizi kuwwatlandyrar. Kitap okamak maglumatlaryň ýa-da hadysalaryň dowamyny, netijesini öňünden oýlanmak, utgaşdyrmak, seljermek we pikirlenmek ukybyňyzy ösdürer.
Dartgynlylykdan halas eder. Haýsy hünärde zähmet çekýän bolsaňyz hem gyzykly kitap dartgynly pursatlardan halas edýär. Geçirilen ylmy-barlaglar kitap okamagyň gan aýlanyşyňy we ýürek urşuňy kadalaşdyrýandygyny we rahatlandyrýandygyny subut etdi.
Ünsüňizi bir ýere jemlär. Kitap okanyňyzda ünsüňizi jemlemegiň ýeke-täk ýoly maglumat bilen aňyň utgaşmasyny gazanmakdyr. Bu sizi daşky dünýäden üzňeleşdirer, munuň yzygiderli gaýtalanmagy bolsa size ünsüňizi jemlemek endigini gazandyrar.
Ynamly, ugurtapyjy hem-de abraýly eder. Ynam synmaz güýçdür. Dowamly kitap okamak size täze maglumatlary tapmaga, hadysalaryň görünmeýän taraplaryny aýdyňlaşdyrmaga, durmuşda duş geläýjek meselelerde ugurtapyjy häsiýetde hereket etmäge gönükdirer.
Söz baýlygyňyzy we dilewarlygyňyzy baýlaşdyrar. Näçe köp kitap okasaňyz, şonça-da söz baýlygyňyz artar. Söz baýlygyňyz size dilewarlyk ukybyňyzy kämilleşdirip meseläni anyk, takyk, gysga, manyly beýan etmäge, gürrüňdeşiňi ýadatman geplemäge, düşündirmäge ýardam eder.
Ýazuw-beýan ediş kadalaryňyzy berkider. Okaýan her bir kitabyňyzyň aýratyn beýan ediliş usuly bardyr. Birnäçe kitapdaky beýan ediliş usullary size edebi ýazuw kadalaryny öwreder. Sözlemlerde sözleriň nähili ulanylmalydygyny, meseläniň iň gysga we jaýdar sözler bilen nähili beýan edilmelidigini öwrenmegiňize getirer.
Dynç we lezzet berer. Kitaphanalara gidip ýa-da elektron kitaplary okamak bilen siz köp maglumatyň eýesi bolup bilersiňiz. Öwrenenleriňiz size dynç berer, rahatlandyrar. Boş wagtlaryňyzy bisarpa geçirmän okamak duýgusy durmuşyňyza lezzet goşar.
Durmuşda siziň wepaly dostuňyz bolar. Ürç edip okanlaryňyz siziň ýadyňyzda galyp, asla sizi terk etmez, utgaşdyran tejribäňiz siziň wepaly dostuňyz bolar.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.