Russiýanyň Týumen senagat uniwersitetiniň alymlar topary topragyň çyglylygyny we azot mukdaryny kesgitläp bilýän oba hojalygy üçin uçarmansyz robot döretmegi meýilleşdirýärler.
Alymlaryň pikirine görä, geljekki robot daýhanlara ýerleri dökünlemekde zerur bolan ugurlary görkezmek bilen oba hojalygynyň elektron kartasyny döretmäge kömek eder. Işläp düzüjiler “TC-350” öz-özi hereket edýän tirkegi elektrikleşdirmek taslamasynyň üstünde işleýän döwründe topragyň derňewi üçin robot toplumyny döretmek pikirine gelipdirler. Hünärmenleriň belläp geçmegine görä, geljekki taslama birbada birnäçe meseläni çözmäge mümkinçilik döreder. Onuň kömegi bilen belli bir ýer bölegine döküniň zerurdygyny bilmek bolar. Şeýle hem ekiş möwsüminden öň degişli barlaglaryň geçirilmegine şert döreder. Bu çemeleşme has köp dökün harajat etmegiň öňüni almaga hem-de öndürijiligi 40 göterim ýokarlandyrmaga kömek eder.
Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.