Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanyp, tomaşaçylara ýetirilýän “Siziň üçin, körpeler!” atly gepleşigiň alyp baryjysy, il içinde Aşyr däde ady bilen tanalýan Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik.
— Aşyr däde, söhbetimizi sungat älemine gelşiňizden başlaýaly!
— Men 1959-njy ýylda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň öňki 1-nji Babadaýhan obasynda dünýä indim. Orta bilimi obamyzdaky 5-nji orta mekdepde aldym. Mekdebimizde hereket edýän aýdym-saz gurnagyna gatnaşyp, halypa bagşy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurban Gummanowyň aýdan “Duşurmazmy”, “Boýlaryňa” ýaly aýdymlary ürç edip aýdýardym.
1976-njy ýylda orta mekdebi oňat bahalar bilen tamamlanymdan soň, sungata bolan höwesim meni öňki Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna (häzirki Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi) alyp geldi. Men tehnikumyň aktýorlary taýýarlaýan bölümine resminamalarymy tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, aktýor ussatlygynyň inçe tilsimlerini özleşdirip başladym. Tehnikumda bizi “Aktýor ussatlygy” sapagyndan halypa mugallymlar Öwezdurdy Garaýew bilen Aýnabat Amanlyýewa okatdylar. Okuwymyzyň soňky ýyllygynda diplom işi üçin Nazar Gullaýewiň “Tümdäki yşyklar” eseri esasynda spektakl taýýarladyk. Bu sahna oýnunda maňa Dohuw serkerdäniň keşbi ynanyldy.
Tehnikumyň birinji ýyllygyny tamamlanymdan soň, Watan öňündäki gulluk borjumy ýerine ýetirmäge gitdim. Gulluk borjumy berjaý edip gelenimden soň ýene-de okuwymy dowam etdim. Işimiň daşyndan aktýorçylyk ugrundan okaýan talyplara mugallymçylyk etdim. Halk teatrynyň sahnasynda talyplaryň gatnaşmagynda “Iki oduň arasynda” we “Dalaş” atly oýunlary sahnalaşdyrdym. Tehnikumda işläp ýörkäm, 1982-nji ýylda Gruziýanyň Şota Rustaweli adyndaky teatr uniwersitetine hem-de Sankt-Peterburg şäheriniň Çerkasow adyndaky Teatr, saz we kinematografiýa institutyna türkmen oglan-gyzlarynyň içinden synag arkaly okuwa alynýar diýen habar gulagyma ildi. Menem hünärimi, bilim derejämi ýokarlandyrmak maksady bilen dessine ugruna çykdym.
Şeýdip, maňa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Çerkasow adyndaky teatr, saz we kinematografiýa institutynyň “Gurjak teatrynyň artisti” bölüminiň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Okuwyň soňky ýyllygynda toparymyz bolup “Şa gyzy we Ýaň” atly sahna oýnuny goýduk. Maňa ol sahna oýnunda Serkerdäniň keşbini janlandyrmagy ynandylar. 1986-njy ýylda instituty oňat bahalar bilen tamamlanymdan soň halypalarym – şol wagtlar Ýaş tomaşaçylar teatrynda baş režissýor bolup işlän Kakajan Aşyrowyň hem-de baş ýolbaşçysy bolup işlän Aman Baýramberdiýewiň kömek-goldaw bermeginiň netijesinde artist bolup işe başladym.
— Teatryň sahnasynda döreden keşpleriňiz barada hem agzap geçäýseňiz?!
— Işe başlan ilkinji ýylym, halypam Kakajan Aşyrow “Suwulgan” atly oýny sahnalaşdyrdy. Maňa şonda Hargulagyň keşbini janlandyrmagy ynandy. Şol keşpden soň maňa halypamyň sahnalaşdyran “Däli Domrul” sahna oýnunda baş keşpleriň biri, Domrulyň ogly Hapbanyň, “Aman daýy” erteki sahna oýnunda alakanyň, “Bally molla” spektaklynda Gurtjanyň keşplerini we başga-da ululy-kiçili keşpleri janlandyrmak miýesser etdi. Şol teatryň sahnasynda “Deňiz guşum” sahna oýnunda Genjimiň, “Täze maşgalada” Ojaryň, “Süýji durmuşyň gapysynda” Kelte batyryň, “Zöhre we Tahyrda” Garaçomagyň, “Jahan jomardynda” Çerramyň, “Gedaý bagşyda” Şazadanyň keşplerini ýerine ýetirdim. Bu janlandyran keşplerim tomaşaçylar köpçüliginiň göwnünden turan keşpler bolupdy.
— Halk köpçüligi seni “Ýaşlyk” teleýaýlymynda görkezilýän degişme sahnalaryň üsti bilen hem tanaýar. Sungatyň şu ugruna gelşiň barada-da aýdaýsaňyz?
— 2005-nji ýylda esasy işimiň daşyndan “Degişmeler dünýäsi” atly degişmeli teleoýunda artistler Gandym Annadurdyýew, Hoja Ýegendurdyýew, Bibitäç Nyýazowa dagy bilen çykyş edip başladym. 2008-nji ýyldan bäri bolsa, bu teleýaýlymyň “Siziň üçin, körpeler!” atly gepleşiginiň alypbaryjysy bolup işläp gelýärin.
— Aşyr däde, kino sungatyna aralaşyşyň barada-da aýdaýsaňyz!
— 2008-nji ýylda kinorežissýor Durdy Nyýazow özüniň surata düşüren “Bezzat Bezirgen” atly doly göwrümli çeper filminde maňa baş keşpleriň birini ynandy. Şondan soň Tirkeş Garaýew Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde surata düşüren “Söýgi – durmuşyň bezegi”, “Oba oglany”, “Obada bolan waka”, “Söýginiň syry” atly filmlerinde-de dürli keşpleri janlandyrdym. Şonuň ýaly-da, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň terjime bölüminde türkmen diline geçirilýän filmleriň hem ençemesine ses bermek miýesser etdi.
— Durmuşyňyzdaky iň ýatda galyjy pursatlary okyjylar bilen paýlaşaýsaňyz?!
— 1999-njy ýylda maňa döwletimiz tarapyndan Türkmenistanyň at gazanan artisti, 2008-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakyldy. Bu meni has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy. Şeýle hem 2007–2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym, 2011-nji ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygy, 2016-njy ýylda-da şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medallary, galyberse-de, 2014-nji ýylda “Magtymguly Pyragy” ýubileý medaly bilen sylaglanmagym durmuşymdaky iň bir ýatdan çykmajak pursatlar bolupdy.
— Maşgalaňyzda seniň ýoluňa eýerip, sungata köňül bereni barmy?
— Biz ýanýoldaşym bilen bir gyzy, iki ogly ösdürip kemala getirdik. Alty sany agtygymyz bar. Uly oglum Döwlet ýokary bilimli hünärmen bolup işläp ýör. Körpe oglum Döwran 2018-nji ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň gurjak artisti bölümini tamamlap, Türkmen döwlet gurjak teatrynda artist bolup işläp ýör. Gyzym Güljan hem şol teatrda hünärmen bolup işleýär. Alty ýaşlyja agtygym Şaperiniň artistleriň agzyna öýkünmek häsiýeti bar. Şol agtygym ulalsa, artist bolup ýetişermikä diýip pikir edýän.
— Aşyr däde, mugallymçylyk kärinde işlemegiňize sebäp bolan ýagdaý näme?
— Elbetde, ençeme ýyllaryň dowamynda sahna durmuşy, sungat bilen meşgullananymdan soň, mende köp ýyllyk iş tejribämi ýaşlara geçirmek höwesi döredi. Şol höwesem meni 2010-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna alyp geldi. Men teatr sungaty fakultetiniň Drama we kino aktýory bölüminde tälim alýan talyplara bilimimi, köpýyllyk iş tejribämi öwredýärin. Öz okadýan talyplarym bilen “Wah, gara gözler”, “Arşyn – mal alan”, “Durmuş sahna däldir”, “Süýji durmuş”, “Iki peýkam” ýaly spektakllary sahnalaşdyryp, Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynyň sahnasynda tomaşaçylara hödürledik. Nesip bolsa, geljekde talyplarym bilen täze eserleriň üstünde işläp, teatr muşdaklarymyza geljekki teatr artistleriniň döredijiligini açyp görkezmegi dowam etdirmekçi.
— Geljekki döredijilik maksatlaryň, arzuw-islegleriň baradaky gürrüň bilen söhbetdeşligimizi jemläýeli?
— Geljekde-de nesip bolsa, talyplara ylym-bilim bermekde-de, körpeler bilen teleýaýlymda gepleşik alyp barmakda-da, degişmeli sahnalarda çykyş edip, kino surata düşmekde-de yhlasymy gaýgyrman, ähli başarnygymy, zehinimi gaýgyrmaryn.
Pursatdan peýdalanyp, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň zähmetine sarpa goýup, olary özüniň Şa serpaýy bilen sylaglaýan Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw etmek bilen, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärin.
— Aşyr däde, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Bizem size döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris!