Irki döwürlerden bäri ugur tapmakda dürli usullardan peýdalanylypdyr. Deňizçiler, täjirler, syýahatçylar, çopanlar, awçylar ileri-gaýrany saýgarmaly bolanlarynda, ýyldyzlara, ýeliň öwüsýän ugruna, guşlaryň uçýan ugruna, Güne, alaňlara seredipdirler. Ugur tapmak üçin peýdalanylýan ilkinji kompaslar XII asyrda peýda bolup başlaýar. Ilki o diýen takyk bolmadyk ugur tapyjy gurallar wagtyň geçmegi bilen kämilleşip, XIV asyrda örän takyk görnüşleri peýda bolýar. Mälim bolşy ýaly, kompasyň dili demirgazygy hem görkezýär. Eýsem, bu enjam ugry nädip görkezýär?
Ýer merkeziniň çendenaşa gyzgyn bolmagy sebäpli, planetanyň özi ägirt uly magniti emele getirýär. Bu äpet magnitiň goşmak (+) we aýyrmak (-) taraplary bar. Olar degişlilikde demirgazyk we günorta polýuslary emele getirýär. Emma bu polýuslar Ýeriň Demirgazyk we Günorta polýuslaryndan sähelçe tapawut edýär. Şol sebäpli kompasyň dili laýyk demirgazygy görkezmeýär. Kompas magnit polýusyny görkezýär. Ýagny, kompasyň diliniň görkezýän tarapyna gitseň, Demirgazyk polýusa baryp bolmaýar. Magnit polýusy Ýeriň polýusyndan 7 dereje tapawutly bolýar. Ýeri gelende aýtsak, Ýeriň demirgazyk polýusynda gury ýer ýok. Günorta polýusda bolsa Antarktika bolup bu ýerde üç sany polýus nokady bar. Biri-birinden gaty uzak bolmadyk bu nokatlaryň biri geografik, biri magnit, ýene biri simwoliki polýus nokadyny görkezýär.
Ýeriň magnit meýdanynyň güýjüni we ugruny ölçemek maksady bilen 1979-njy ýylyň oktýabrynda kosmosa “Magsat” emeli hemrasy uçurylýar. Soňky ýyllarda kosmosa uçurylan dürli enjamlar ugurlary has takyk kesgitlemekde peýdalanylýar.