Dürli ertekidir basnýalaryň gahrymany bolan leglekler uzak aralyga göçýän guşlaryň bir görnüşidir. Guşlaryň bu görnüşi jaýlaryň üçeklerinde ýa-da belent sütünlerde höwürtge gurunýarlar. Ýaz we tomus aýlarynda demirgazyk ülkelerde ýaşaýan bu guşlar, güýzi we gyşy geçirmek üçin Afrika we Uzak gündogar ýurtlaryna uçup gidýärler. XIX asyrda ýaşan Hans Kristian Anderseniň “Leglekler” atly kitaby bu guşuň “meşhurlygyny” artdyrýar. Bu guşlar köplenç gyşy geçirip gelenden soňra geçen ýyl ýasan höwürtgesinde ýaşaýarlar. Şol sebäpli Gadymy grek we Rim medeniýetinde leglekler wepadarlygyň, ýagşylygyň nyşany hasaplanýar. Eýsem, bu jandarlaryň başga nähili aýratynlyklary barka?!
Leglekler gyş aýlaryny Afrikadaky Sahara çölüniň günortasyndaky tropikal ýurtlaryndan Hindistanyň günortasyna çenli bolan guşaklykda geçirýärler. Olar uzak aralyga göçenlerinde uly deňizleriň üstünden däl-de, olaryň kenarlaryndan aýlanyp geçýärler. Ýewropadan Afrika göçýän leglekler gündogarda Nil derýasynyň ugry bilen, günbatarda Gibraltar bogazynyň üsti bilen geçýärler.
Fewral aýynyň ortasyndan başlap ýakyn Afrikadan uçup başlaýan leglekler 50 güne golaý wagtdan, martyň ahyrynda Ýewropa baryp ýetýärler. Awgustda yzyna uçup, bu aralygy 26 günde geçýärler. Olaryň yzyna has çalt uçmaklaryna ýel täsir edýär. Leglekler hiç ganat kakmazdan ep-esli aralygy geçip bilýärler. Guşlaryň giň deňizleriň üstünden däl-de, gury ýerden uçmagynyň sebäbi hem ýel bilen baglanyşykly. Leglekler 3300 metre çenli ýokary galýarlar, soňra şol belentlikdäki howa akymyndan peýdalanyp, ganat kakman uçýarlar. Gury ýeriň ýüzünden gündizine ýokary göterilýän ýyly howa akymy olaryň uçmagyny aňsatlaşdyrýar. Gijesine bolsa köplenç dynç alýarlar. Eger düşlän ýerlerinde ýeterlik iýmit bar bolsa, birnäçe günläp ol ýerde galýarlar. Ýylyň köp bölegini uçup geçirýän leglekler her ýylda 10 müň kilometr töweregi ýol geçýär.Beýleki guşlar ýaly leglekler hem uçmaly ugruny gündizine Güne, gijesine Aýa we ýyldyzlara seredip kesgitleýärler. Şeýle hem olaryň tebigy “kompaslary” hem bar. Leglekler Ýeriň magnit meýdanyny duýmak arkaly ugurlaryny tapýarlar. Şeýlelikde, bulutly howada hem azaşman uçýarlar.
Boýy bir metrden geçýän bu guşlar mör-möjekler, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, süýrenijiler we kiçiräk süýdemdirijiler bilen iýmitlenýärler.
Jüýje wagty gara reňkli bolýan leglekleriň ulalansoň çüňkleri we aýaklary gyzarýar. Munuň sebäbiniň gyzyl reňkli leňňeçleri iýmegi bilen baglydygy anyklandy. Leglekler 1-3 hepde aralygynda jüýjelerini bakýarlar. Muňa garamazdan, jüýjeleri 2 aýlap maşgalasy bilen bilelikde ýaşaýar.