Bo Kaap – Günorta Afrika
Respublikasy
Günorta Afrikanyň Keýptaun şäherindäki Bo Kaap diýlen ýer 1760-njy ýyllarda esaslandyrylýar. Günbatar Afrikadan we Günorta-günbatar Aziýadan gelen musulmanlar tarapyndan gurlan bu şäher özüniň dürli reňkli bolmagy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda bu ýerde ýaşaýanlaryň özüne mahsus medeniýeti bolup, oňa Keýp Malaý diýilýär. Şäherçedäki öýleriň reňkli bolmagynyň esasy sebäbi hökmünde 1950-1990-njy ýyllar aralygynda ýurtda bolup geçen syýasy wakalara daýanylýar.
Burano – Italiýa
Italiýanyň dünýä belli şäheri Wenesiýadan 45 minutlyk uzaklykda ýerleşýän Burano adajygynyň ýaşaýjylarynyň aglabasy balykçylyk bilen meşgullanýar. Bu adanyň iň esasy aýratynlygy-da kanallaryň kenarynda gurlan öýleriň älemgoşary ýadyňa salýan dürli reňkde bolmagydyr. Asudalygy bilenem tapawutlanýan adadaky öýler ýylda bir gezek reňklenýär.
Zalipie – Polşa
Polşanyň iri şäherleriniň biri bolan Krakowyň demirgazygynda ýerleşýän Zalipie diýen ýerde müň töweregi adam ýaşaýar. Kiçijik hem bolsa bu ýerde içi-daşy dürli gülleriň şekilleri, suratlary bilen bezelen kiçeňräk öýleriň, binalaryň, mekdepleriň, ybadathanalaryň bolmagy ony tutuş Ýewropa meşhur edýär. Güller bilen bezemek ýörelgesi 1800-nji ýyllarda obanyň zenanlarynyň diwardaky reňkiň düşen ýerlerini ýapmak üçin dürli gülleriň suratlaryny çekmegi bilen başlaýar. Bu däp häzirki wagtda-da dowam edýär.
Trinidad – Kuba
Aslynda Kuba döwletiniň paýtagty Gawanadan tä kiçi şäherlerine çenli hemmesi diýen ýaly reňkli binalary, öýleri bilen bütin dünýäde bellidir. Trinidad ýurduň iň reňkli şäherleriniň biri bolup, daş düşelen köçelerde islän reňkdäki bina duş gelmek bolýar. Ilatyň hem reňkli egin-eşik geýmegi şäheriň özüne çekijiligini has-da artdyrýar.