Süý­ji, lez­zet­li, suw­ly, tur­şy, ag­zy­ňy su­ward­ýan mi­we­le­riň bi­ri bo­lan ýer­tu­da­na sag­ly­ga hem oňyn tä­sir ed­ýär. Mi­wä­niň bu gör­nü­şi sag­lyk üçin peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li ýer­tu­da­na di­ňe ter­li­gi­ne iýil­män, iş­däa­çar, na­har, mü­rep­be, süý­jü­lik, iç­gi, der­man, kos­me­ti­ka önüm­le­ri we beý­le­ki bir­nä­çe önüm taý­ýar­la­nan­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Ýer­tu­da­na­nyň dü­zü­min­de A, C, B6 we B12 wi­ta­min­le­r bar. Şeý­le hem ka­liý, kal­siý, de­mir, fos­for, se­len, nat­riý, mar­ga­nes, mag­niý we beý­le­ki bir­nä­çe iý­mit­lik kuw­wa­ty bo­lan hi­mi­ki bir­leş­me­ler bar. Bu mi­wä­niň iň peý­da­ly ta­ra­py dü­zü­min­de köp muk­dar­da C wi­ta­mi­ni­niň bol­ma­gy­dyr. Or­ta­ça ulu­lyk­da­ky bäş sa­ny ýer­tu­da­na bir ada­my gün­de­lik C wi­ta­mi­ni bi­len üp­jün ed­ýär. Wi­ta­mi­niň bu gör­nü­şi ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­mak­da, be­de­niň ýo­kanç­lyk­lar bi­len gö­reş­me­gin­de peý­da­ly­dyr. Is­pa­ni­ýa­nyň Sa­la­man­ka uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, yzy­gi­der­li ýer­tu­da­na iý­ýän­ler LDL (ýa­ra­maz) ho­les­te­rin de­re­je­si­ni dü­şür­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Hü­när­men­ler mi­wä­niň ho­les­te­ri­ni pe­seld­ýän hä­si­ýe­ti­niň oňa gy­zyl reň­ki ber­ýän pig­ment­ler­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy du­ru­jy­ly­gy­ny güýç­len­dir­ýän, düw­nü­ge gar­şy go­ra­ýan, huş­suz­lyk äh­ti­mal­ly­ly­gy­ny azald­ýan, gar­ra­mak bi­len bag­ly ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýan an­ti­ok­si­dant­lar bu mi­we­de köp muk­dar­da bar. 2006-njy ýyl­da “The Ame­rican Jo­ur­nal of Cli­nical Nut­ri­ti­on” žur­na­lyn­da yl­my ma­ka­la­da ýer­tu­da­na an­ti­ok­si­dan­ta baý 50 mi­wä­niň ara­sy­na gi­ri­zi­lip­dir. Dü­zü­min­de C wi­ta­mi­ni­niň pyr­ty­kal­dan we greýpf­rut­dan has köp­dü­gi üçin de­ri­ni çyg­ly sak­lap, ga­syn­la­ryň öňü­ni al­ýar.
Ýer­tu­da­na­nyň 100 gra­myn­da 37 ka­lo­ri­ýa, 59 mg C wi­ta­mi­ni (bu gör­ke­zi­ji li­mon­dan hem köp­dür), 1 mg nat­riý, 174 mg ka­liý, 21 mg kal­siý bol­ýar. Ýer­tu­da­na­nyň ýap­ra­gy we kö­ki gaý­na­dy­lyp içi­lip, dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da peý­da­la­nyl­ýar.
Mi­we di­ýil­ýän hem bol­sa, ýer­tu­da­na bä­gül­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li ot­ju­mak ösüm­lik ha­sap­lan­ýar. Onuň ýig­ri­mi­den gow­rak gör­nü­şi bar. Mun­dan baş­ga-da, me­de­ni ösüm­lik hök­mün­de peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len tä­ze gör­nüş­le­ri bar. Ýer-ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä, yz­gar­ly top­ra­gy ha­la­ýan ýer­tu­da­na go­wy toz­ga­la­nan ýag­da­ýyn­da bol ha­syl ber­ýär. Mi­we­si toz­ga­la­nan­dan soň­ra 30-35 gün­de biş­ýär. Şeý­le hem bu ösüm­li­giň ha­syl­ly bol­ma­gy­nda gü­nüň uzyn­ly­gy hem tä­sir ed­ýär. Şol se­bäp­li her se­bi­te mah­sus gör­nü­şi ekil­ýär. Ir we gys­ga wagt­da ýe­tiş­ýän­di­gi üçin ýyla­d­yş­ha­na­lar­da hem giň­den ekil­ýän ekin­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar.