Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek adamyň ömrüni uzaldýar, garrylygy gijikdirýär. Eýsem, munuň üçin lukmanlar we hünärmenler nähili maslahatlary berýärkäler?!
Sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda ozaly bilen ýokary hilli iýmit ileri tutulýar. Ýokary hilli iýmit, saglygyň, uzak ömrüň girewidir. Hemişe pyýada gezmäge tagalla ediň! Diňe işjeň hereketiň netijesinde, bedeniňize ýag az toplanar. Önümleriňiziň ählisini sowadyjyda saklaň, olaryň ýaramlylyk möhletine dykgat ediň! Uzakly gün kompýuteriň başynda oturan bolsaňyz, arasynda ýöräň, maşk ediň! Mümkingadar hiç zada gaharyňyzy getirmejek boluň!
Diňe bir-iki günde iýjek gök önümleriňizi we miweleriňizi satyn alyň! Küýkermäň, dik oturyň, dik ýöräň, boýnuňyzy hem dogry tutuň! Çünki köp keseller oňurga bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Köpräk suw içmäge çalşyň! Içilmeli suw iki litrden az bolmasyn, onuň 50 göterimi çorba, çaý, miwe suwy we beýlekiler bolmalydyr.
Gowrulan däl-de, gaýnadylan ýa-da buga bişirilen naharlar bedene has ýaramly!
8 sagatdan az ýatmaň, şeýle-de belli bir wagtda ýatyp, belli bir wagtda hem turmaly. Hut uky fiziki güýji ýaňadandan dikeltmäge, pikiriň durlanmagyna, ýatkeşligiň we ünsüň gowulaşmagyna, şähdiň açylmagyna, bedeniň garşy durup bilmek ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Sport bilen meşgullanyň, hepdede 150 minut fitnes bilen meşgullanmak ömrüňize ömür goşar. Sportuň islendik görnüşini saýlasaňyz hem yzygiderlilik zerurdyr. Özüňizi hylwata çekmäň, dostlaryňyz bilen ýygy-ýygydan görşüp duruň, teatra, kino we muzeýlere gidiň!
Ertirlik naharyňyzy hiç haçan sypdyrmaň! Suwda ýüzüň – ol bedeniň garşy durujylyk ukybyny artdyryp, bedeni taplaýar, güýji we çydamlylygy ösdürýär, bedeniň ähli etlerini berkidýär, ýürek-damar, dem alyş ýollaryny, nerw ulgamyny, oňurgany we bogunlary sazlaýar. Ykjam düşekçelerde we ýassyklarda ýatyň, uklamak üçin ýassyk we eşik saýlamak hem örän ähmiýetlidir.
Kosmetika serişdelerini, el we ýüz üçin niýetlenen kremleri deriňiziň ýagdaýyna görä saýlaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwup duruň! Bu dürli ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berer. Hiç kimden öýke-kine etmäň! Islendik ýagdaýda özüňize bolan gözegçiligi ýitirmäň! Bal iýiň, bu tebigy önümiň düzüminde beden üçin peýdaly ýüzlerçe maddalar bar. Dişleriňizi irden we agşam arassalamagy unutmaň! Yzygiderli dynç alyň, syýahata gidiň we täze duýgular bilen baýlaşyň! Lukmana ýüz tutmakdan çekinmäň, çünki islendik adamyň saglygy yzygiderli barlag talap edýär. Siziň saglygyňyzyň öz eliňizdedigini unutmaň!