Iň uzak wagt­lap
do­wam eden du­şu­şyk

Iň­lis fut­bol klub­la­ry “Stok­port Ka­un­ti” bi­len “Don­kas­ter Ro­wer­siň” 1946-njy ýyl­da öza­ra ge­çi­ren du­şu­şy­gy 203 mi­nut­lap do­wam ed­ýär. Bu fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da­ky iň uzak wagt­lap do­wam eden res­mi du­şu­şyk hök­mün­de ha­sa­ba alyn­ýar.
1946-njy ýy­lyň 30-njy mar­tyn­da 3-nji di­wi­zi­onyň De­mir­ga­zyk Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň çä­gin­de iki iň­lis klu­by “Stok­port Ka­un­ti” bi­len “Don­kas­ter Ro­wers” ýer eýe­si bo­lan to­pa­ryň sta­dio­ny “Ed­je­li Park­da” du­şuş­ýar. Oý­nuň esa­sy wag­ty 2–2 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­lan­ýar. Goş­ma­ça 30 mi­nut­da-da üýt­gän zat bol­ma­ýar. Şol dö­wür­de bäs­le­şi­giň düz­gü­ni­ne la­ýyk­lyk­da, ýe­ňi­ji “Al­tyn gol” esa­syn­da kes­git­le­nil­ýär. Ýag­ny haý­sy to­par ha­çan gol ge­çir­se, ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ram şol bol­ýar­dy. Ýö­ne ga­ra­şyl­ýan go­ly ge­çir­mek iki ta­ra­pyň fut­bol­çy­la­ry­na-da ba­şart­ma­ýar. Kä­bir gür­rüň­le­re gö­rä, jan­kö­ýer­le­riň ara­syn­da içi gy­syp, du­şu­şy­gy taş­lap, öý­le­ri­ne çaý iç­mä­ge gaý­dan­la­ry hem bo­lup­dyr. Oý­nuň do­wam ed­ýän­di­gi­ni eşi­dip, çaý­dan soň, olar tä­ze­den yzy­na gaý­dyp­dyr­lar.
Oý­na do­lan­sak, du­şu­şy­gyň 173-nji mi­nu­tyn­da ýer eýe­si to­pa­ryň oýun­çy­sy Les Kro­ker to­py der­we­zä gi­riz­ýär, ýö­ne emin düz­gü­niň bo­zu­lan­dy­gy­ny na­zar­da tu­tup, go­ly ha­sa­ba al­ma­ýar. Emi­niň bu ka­ra­ry­na gol ge­çir­den to­pa­ryň oýun­çy­la­ry hem gy­nan­ýar­lar. Ahy­ryn­da emin du­şu­şy­gy 203-nji mi­nut­da ta­mam­la­ýar. Se­bä­bi gün ýa­şyp, iň­rik ga­ral­ýar. Şol dö­wür­ler­de sta­di­on­lar­da ýag­ty­lan­dy­ryş ul­ga­my ýok­dy.
Bir hep­de­den soň, du­şu­şyk ga­lan ýe­rin­den däl-de tä­ze­den oý­nal­ýar. Gaý­ta­da­n oý­na­lan oýun 90 mi­nut­da ta­mam­la­nyp, “Don­kas­ter” 4–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­ýar. Bu ýe­ňiş hem­me­le­ri diý­seň be­gen­dir­ýär. Bu oýun iň uzak wagt­lap do­wam eden res­mi du­şu­şyk hök­mün­de ta­ry­ha gir­ýär.
* * *
2012-nji ýyl­da Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­mek üçin “Free Kick Fo­un­da­ti­on” ha­ýyr-sa­ha­bat gu­ra­ma­sy­nyň gu­ra­ma­gyn­da iň­lis­le­riň “Re­ding” we “Pi­terb­ro” to­par­la­ry ýol­daş­lyk du­şu­şy­gy­ny ge­çir­ýär. 8 oýun­çy­dan yba­rat bo­lan to­par­la­ryň an­na gü­ni 10:00-da baş­lan du­şu­şy­gy ýek­şen­be gü­ni 14:00-da, ýag­ny 52 sa­gat­dan soň, 895–808 ha­sap bi­len ta­mam­lan­ýar.
2016-njy ýyl­da çi­li­li­ler 120 sa­gat­lyk gör­ke­zi­ji bi­len iň­lis­le­riň 2012-nji ýyl­da­ky re­kor­dy­ny tä­ze­le­ýär­ler. Çi­li­niň paý­tag­ty San­týa­go­da­ky “Bi­sen­ta­ri” sta­dio­nyn­da oý­na­lan oýun­da 2375 fut­bol­çy çy­kyş ed­ýär. Du­şu­şy­gyň ne­ti­je­si 505–504 ha­sap bi­len ta­mam­lan­ýar. Ýö­ne 2019-njy ýyl­da re­kord tä­ze­len­ip, ýe­ne-de iň­lis­le­re geç­ýär. “Kicking Off Against Cancer” at­ly ýar­dam gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan bu ge­zek­ki oýun 169 sa­gat­lap do­wam ed­ýär. 988–951 ha­sap bi­len ta­mam­la­nan du­şu­şyk Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­ýär.