Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň 5-nji möwsümi 1959-1960-njy ýyllarda geçirilýär. 27 klubuň gatnaşan ýaryşynda grek topary ilkinji gezek çykyş edýär. Saýlama tapgyrynda “Barselona” Bolgariýanyň “SDNA Sofiýa” toparyndan üstün çykýar (2–2, 6–1). Katalonlaryň 2-nji duşuşykdaky gollary Kubala (3) bilen Ewaristo (3) derwezä girizýär. “Milan” ilkinji gezek gatnaşýan “Olimpiakosy” ýaryşdan çykarýar (2–2, 3–1).
1-nji tapgyrda başdanaýak çempionlygy saklap gelýan “Real Madrid” Lýuksemburgyň “Žeuness Eş” toparyny Ispaniýada 7–0, myhmançylykda-da 5–2 ýeňýär. 1-nji duşuşykda Ferens Puşkaş het-trik edýär. “Barselona” “Milany” 2 ýerde-de ýeňmegi başarýar. Italiýada 2–0, Ispaniýada bolsa Kubalanyň het-trik eden duşuşygynda 5–1 utýar.
Çärýek finalda “Real Madrid” myhmançylykda “Nissadan” 3–2 ýeňilse-de, öz meýdançasynda 4–0 utup, ýarym finala çykýar. “Barselona” topary “Wulwerhemptony” öz meýdançasynda 4–0, myhmançylykda-da 5–2 ýeňýär. 2-nji duşuşykda Koçiş 3 goly öz adyna ýazdyrýar. “Aýntraht” bilen “Winer Şport-klubuň” arasyndaky oýunda nemesler ýeňiş gazanýar (2–1, 1–1). Beýleki ýarym finalçy-da “Reýnjers” bolup, ol 3 duşuşygyň netijesinde Rotterdam şäheriniň wekili “Spartany” ýaryşdan çykarýar.
UEFA-nyň ýaryşlaryndaky ilkinji “El Klasiko”
Ýarym finalda bu gezek “El Klasiko” derbisi oýnalýar. Mälim bolşy ýaly, mundan öňki möwsümde Madrid derbisi oýnalypdy. “Real Madrid” 2 duşuşykda-da ezeli bäsdeşini 3–1 hasaplar bilen ýeňip, bassyr 5-nji ýola finala çykýar. Madridliler 1-nji duşuşykda Di Stefanonyň (2) we Puşkaşyň, 2-nji oýunda Puşkaşyň (2) we Hentonyň gollary bilen ýeňýär. Beýleki ýarym finalda bolsa, “Aýntraht” 2 duşuşykda-da 6 gol bilen ýeňiş gazanýar. “Reýnjersi” öz meýdançasynda 6–1, myhmançylykda-da 6–3 ýeňen “Aýntraht” ilkinji gezek finala çykýar. Her duşuşykda-da Alfred Pfaff 2 gol geçirýär.
Iň köp tomaşaçyly final
Final duşuşygy 1960-njy ýylyň 18-nji maýynda Glazgo şäherindäki “Hampden Park” stadionynda oýnalýar. “Real Madrid” bilen “Aýntraht” toparlarynyň arasyndaky finalda ýerli emin, şotlandiýaly Jek Mowat jürlewük çalýar. Final duşuşygyna 127 müň 621 janköýer tomaşa edýär. Bu görkeziji ýaryşyň rekordyna deňdir. Mundan öňki rekord 1957-nji ýyldaky finala degişlidi (120 müň, käbir çeşmelerde 124 müň janköýer) .
10 golly final
Oýnuň 18-nji minutynda Riçard Kress nemes toparyny öňe saýlaýar. Ýöne ispanlaryň jogaby gijikmeýär. Hatda ispanlar Di Stefanonyň 27-nji we 30-njy minutlardaky gollary bilen 2–1 öňe geçýär. 45+1-nji minutda Puşkaş nemes toparynyň derwezesinden 3-nji goly hem geçirýär. 56-njy minutda Puşkaş bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs urup, hasaby 4–1-e, 60-njy minutda-da tapawutlanyp, 5–1-e çykarýar. Oýnuň 71–75-nji minutlary aralygynda janköýerler 4 goluň şaýady bolýarlar. 71-nji minutda Puşkaş duşuşykdaky 4-nji goluny derwezä girizýär. 72-nji minutda “Aýntrahtyň” hüjümçisi Erwin Stein, 73-nji minutda “really” Di Stefano, 75-nji minutda bolsa, ýene-de Stein tapawutlanýar. Şeýlelikde, 7–3 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” bassyr 5-nji gezek yklymyň iň uly kubogyny gazanyp, gaýtalanmajak (häzirlikçe) rekorda eýe bolýar. Alfred Di Stefano bolsa yzly-yzyna 5-nji finalynda-da tapawutlanýar. Onuň final oýunlarynda geçiren gollarynyň sany 7-ä deňdir.
Iň köp duşuşyk geçiren toparlar
UEFA Çempionlar ligasynda şu wagta çenli 65 möwsüm geçirildi. Şolaryň 50-sine “Real Madrid” gatnaşypdy. Yklymyň iň uly klub ýaryşynda iň köp duşuşyk geçiren topar hem elbetde, oňa iň köp gatnaşan topar bolar. Beýleki görkezijilerdäki ýaly öňde bolşy ýaly, “Real Madrid” topary 438 duşuşyk bilen 1-nji hatarda barýar. Ondan 90 duşuşygy az “Bawariýa” 2-nji, 317 oýun geçiren “Barselona” 3-nji orny eýeleýär. “Mançester Ýunaýted” 279, “Ýuwentus” 278, “Benfika” 258, “Milan” 249 duşuşyk bilen öňdäki orunlary eýeleýän toparlardyr. UEFA-nyň bu bäsleşiginde 1 klub 400-den, 2 klub 300-den, 14 klub 200-den, 43 klub 100-den köp duşuşyk geçirdi.
UEFA Çempion Klublaryň Kubogy /
UEFA Çempionlar ligasynda iň köp duşuşyk geçiren toparlar:
“Real Madrid” – 438, “Bawariýa” – 348, “Barselona” – 317, “Mançester Ýunaýted” – 279, “Ýuwentus” – 278, “Benfika” – 258, “Milan” – 249, “Porto” – 245, “Dinamo K” – 233, “Aýaks” – 227, “Liwerpul” – 217, “Seltik” – 212, “Arsenal” – 201, “Anderleht” – 200, “Inter” – 178, PSW – 177, “Galatasaraý” – 175, “Olimpiakos” – 172, “Çelsi” – 167, “Reýnjers” – 161, “Borussiýa D” – 146, “Lion” – 145, “Srwena Zwezda” – 140, “Atletiko” – 135, “Walensiýa” – 128, “Spartak M” – 122, “Bazel” – 118, “Monako” – 112, PSŽ – 112, “Baýer” – 111, “Roma” – 111, “K. Brýugge” – 107, “Partizan” – 105, “Fenerbahçe” – 105, SSKA M – 104, “Marsel” – 102, BATE – 100.
Bäsleşigiň ýyldyzy
Ähli zamanalaryň iň ökde hüjümçileriniň hatarynda görkezilýän wengriýaly Ferens Puşkaş 1927-nji ýylyň 1-nji aprelinde paýtagt Budapeştde dünýä inýär. 1943-nji ýylda “Budapeşt Honwed” toparynda futbola başlap, 1956-njy ýyla çenli bu klubda oýnaýar. Ol 350 oýunda 358 gezek tapawutlanýar. Puşkaş budapeştlileriň gazanan 5 çempionlygyna uly goşant goşýar. 1958-nji ýylda “Milan”, “Ýuwentus” ýaly klublardan ýüz öwrüp, “Real Madridiň” düzümine goşulýar. Ol “Real Madridde” 1966-njy ýyla çenli çykyş edýär. Şol döwürde 5 “La Liganyň”, 3 Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň çempionlygyny gazanýar. Ol “La Ligada” 180 duşuşykda 156 gezek tapawutlanýar. Wengriýanyň milli ýygyndysynda 84 oýunda 85 goly geçiren Puşkaş 1961-1962-nji ýyllarda Ispaniýanyň ýygyndysynda-da 4 oýun oýnaýar. Ol Wengriýanyň Olimpiýa ýygyndysy bilen 1952-nji ýylda altyn medala mynasyp bolýar. 1954-nji ýylda bolsa, Dünýä Kubogynda finalda Günbatar Germaniýadan utulan milli ýygyndysy bilen kümüş medaly eýelemegi başarýar. 1966-njy ýylda futboly taşlanyndan soň, ol “Herkules”, “San Fransisko”, “Alawes”, “Real Mursiýa”, “Kolo-Kolo”, AEK, “Al Masri”, “Serro Portenýo” ýaly dürli yklymlaryň klublaryna tälim berýär.
2006-njy ýylyň 17-nji noýabrynda aradan çykan Puşkaşyň adyny göterýän baýrak FIFA tarapyndan her ýylyň iň owadan goluny geçiren oýunçylara berilýär.
UEFA Çempionlar
ligasynyň taryhyndan
Ýewropanyň Çempion
Klublarynyň
Kubogy — 1929–1960
Gatnaşan topar: 27 (26)
Geçirilen duşuşyk: 52
Tora salnan gollar: 218 (ortaça 4,19)
Iň netijeli oýunçy: Ferens Puşkaş (“Real Madrid”) – 12 gol
Saýlama tapgyry
“Nissa”–“Şamrok Rowers” (Irlandiýa): 3–2, 1–1, “SDNA Sofiýa”–“Barselona”: 2–2, 1–6, “Winer Şport-klub” (Awstriýa)–“Petrolul Ploieşti” (Rumyniýa): 0–0, 2–1, “Linfild” (D. Irlandiýa)–“Gýoteborg”: 2–1, 1–6, “Žeuness Eş” (Lýuksemburg)–“LKS Lodz” (Polşa): 5–0, 1–2, “Serwena Hwiezda Bratislawa” (häzirki “Inter Bratislawa”, Çehoslowakiýa)–“Porto”: 2–1, 2–0, “Olimpiakos”–“Milan”: 2–2, 1–3, “Fenerbahçe”–“Çepel” (Wengriýa): 1–1, 3–2, “Reýnjers”–“Anderleht”: 5–2, 2–0, “Worwartis Berlin” (häzirki “FK Aýntraht Oder”, Gündogar Germaniýa)–“Wulwerhempton”: 2–1, 0–2.
1-nji tapgyr
“Real Madrid”–“Žeuness Eş”: 7–0, 5–2, “Boldklubben 1909” (Daniýa)–“Winer Şport-klub”: 0–3, 2–2, “Sparta Rotterdam” (Niderlandlar)–“Gýoteborg”: 3–1, 1–3, 3–1, “Milan”–“Barselona”: 0–2, 1–5, “Ýang Boýz”–“Aýntraht”: 1–4, 1–1, “Reýnjers”–“Serwena Hwiezda Bratislawa”: 4–3, 1–1, “Srwena Zwezda” (Ýugoslawiýa)–“Wulwerhempton”: 1–1, 0–3, “Fenerbahçe”–“Nissa”: 2–1, 1–2, 1–5.
Çärýek final
“Nissa”–“Real Madrid”: 3–2, 0–4,
“Barselona”–“Wulwerhempton”: 4–0, 5–2,
“Aýntraht”–“Winer Şport-klub”: 2–1, 1–1,
“Sparta Rotterdam”–“Reýnjers”: 2–3, 1–0, 2–3.
Ýarym final
“Aýntraht”–“Reýnjers”: 6–1, 6–3,
“Real Madrid”–“Barselona”: 3–1, 3–1.
FINAL (“Hampden Park”, Glazgo)
“Real Madrid”–“Aýntraht”: 7–3 (Di Stefano 27, 30, 73, Puşkaş 45+1, 56 p, 60, 71 — Kress 18, Stein 72, 75)