2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda
halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi.
Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we
wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda
akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň
wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýerli we ýurdumyzda işleýän
daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.
Şeýle hem çärä sanly wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe daşary ýurtlaryň
saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hususan-da Belarus
Respublikasynyň saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, daşary ýurtlaryň
lukmançylyk ugurly ençeme ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Azerbaýjanyň
lukmançylyk uniwersitetiniň, Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we
Tbilisi Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Öňdebaryjy daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri hem bu brifinge sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Şeýlelik
bilen brifinge dünýäniň 20 ýurdundan 60-a golaý wekil gatnaşdy.
Çykyşlaryň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň adamlaryň saglygyny gorap saklamak we
hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygy
aýratyn nygtaldy, bu bolsa häzirki COVID-19 pandemiýasy döwründe aýratyn
derwaýys häsiýete eýe bolup durýandyr.
Abraýly halkara guramalarynyň berýan maslahatlaryna eýermek bilen,
ýurdumyz özüniň saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasatynda ähmiýetli
üstünlikleri gazandy we öz gezeginde halkara jemgyýetçiligini pandemiýanyň
netijeleri ýeňip geçmek babatynda bilelikdäki hereketleriň durmuşa geçirilmegine
çagyrýar. Bu ynsanperwer ulgam boýunça özarahereketlere, söwda-ykdysady
gatnaşyklarynyň dikeldilmegine, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlarda ulag-
üstaşyr ulgamlarynyň hereket etmeginiň üpjün edilmegine degişli bolup durýandyr.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň takyk hem-de
sazlaşykly syýasatynyň netijesinde ýurda koronawirusynyň täze görnüşi bolan

COVID-19 tarapyndan ýüze çykarylýan keselleriň öz çäginde ýaýramagynyň
öňüni almak başartdy.
Öz çykyşlarynda Belarus Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministriniň
orunbasary Ýe.Bogdan, şeýle-de daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy
düzümi, hususan-da Belarus Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň halkara
gatnaşyklary boýunça prorektory W.Rudenok, Tbilisi Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň wise-rektory I.Kohreidze we Azerbaýjanyň lukmançylyk
uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça prorektory O.Isaýew dagylar
Türkmenistanyň ýokanç hem-de ýokanç däl keselleriniň öňüniň alynmagyna
ýokary ähmiýet bermek bilen, pandemiýanyň garşysyna gaýragoýulmasyz
ýagdaýda hereket edendigini aýratyn nygtadylar. Şeýle-de döwlet Baştutany
tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn wagyz edilmegine uly
ähmiýet berilýändigi hem bellenilip geçildi.
Brifingiň barşynda çökgünli ýagdaýlaryň derwaýys çözülmegi boýunça
global guralyň kesgitlenilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy. Çärä gatnaşyjylar
durnukly ösüş hereketleriniň binýadynda ähli adamlaryň saglygynyň
goraglylygynyň durýandygy baradaky pikire geldiler.