Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly taryhy wakalara beslenýär. Şu ýyl 1941-1945-nji ýyllarda bolan Beýik Watançylyk urşunyň Ýeňiş bilen tamamlananyna 75 ýyl dolýar. Bu uruşda müňlerçe türkmenistanlylar doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde edermenligiň hem-de gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda her ýylyň 9-njy maýynda 1941-1945-nji ýyllarda bolup geçen Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň hatyrasyna ýurdumyzda uly dabaralar geçirilýär. Baýramçylyk dabaralarynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlary hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglanýarlar. Bu ýubileý medalynyň döredilmegi uruş weteranlarynyň beýik edermenligine, gahrymançylygyna we gaýduwsyzlygyna goýulýan hormatdan nyşandyr. Milli gahrymanlarymyzy sylaglamak dabaralary 1-nji maýda Ahal welaýatynda başlap, soňra ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem uly dabaralar bilen geçirildi. Bu çärelere gatnaşmaga mümkinçiligi bolmadyk weteranlara ýubileý medallarynyň olaryň ýaşaýan ýerinde gowşurylmagynyň özi hem uruş we zähmet weteranlarymyza goýulýan belent sarpadan nyşandyr. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli uruş ýyllarynda gahrymanlarça söweşen gerçeklerimiziň hatyrasyna we olaryň ýagty ýadygärligine hormat-sylag hökmünde dürli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirilýär.
Uruş ýyllarynda gahrymançylyk görkezen esgerleriň biri hem hormatly Prezidentimiziň atasy, ussat mugallym, ilhalar ynsan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewdir. Ol 1904-nji ýylda Gökdepe etrabynyň
häzirki Yzgant şäherçesinde eneden doglup, mugallym bolup zähmet çekýär. Beýik Watançylyk urşuna hem gatnaşýar. 1943-nji ýylda 2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýew söweşlerde gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda köp garaşylan Ýeňşi gazanan türkmen gerçekleriniň deňsiz-taýsyz edermenligi, mukaddes ojaklaryna wepaly zenanlarymyzyň gaýduwsyz zähmeti hakyndaky ýatlama häzirki we geljekki nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar.
Biziň ata-babalarymyzyň görkezen şeýle gahrymançylyklaryna uly hormat hökmünde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzyň Bekrewe şäherçesinde gurlan “Watan mukaddesligi” ýadygärlikler toplumy hem biziň gerçeklerimiziň gaýduwsyz watansöýüji häsiýetleriniň bolandygyny aýdyň beýan edýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz, sag-aman ata Watanymyza dolanyp gelen we häzir hem aramyzda ýaşap ýören merdana uruş weteranlarymyz, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojaklaryny gözleriniň göreji deýin saklan ak saçly enelerimiz, biziň üçin gahrymançylygyň, mertligiň, wepadarlygyň ölmez-ýitmez mekdebidir. Gahrymanlar hiç haçan ölmeýärler. Olaryň ady ebedi ýaşap, nesillere batyrlygyň, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny peşgeş berýär.
Türkmen halkynyň hem gazanylan Beýik Ýeňşe goşandy uludyr. Müňlerçe gerçek ýitiglerimiz urşa gatnaşan bolsa, olaryň yzynda galan ýanýoldaşlary, aýal-gyzlar, garrylar hem-de çagalar hem Ýeňiş üçin arman-ýadaman zähmet çekipdirler. Ýurdumyzyň ilaty urşa kömek diýip pul, bezeg şaýlaryny beripdir. Halk tarapyndan esgerlere ellik, jorap, dolak ýaly ýyly eşikler hem iberilipdir. Uruş ýyllarynda söweşip ýören esgerlere jemi 200 müňden gowrak bukjalar ýollanypdyr. Aýal-gyzlar bolsa jemi 7 tonnadan gowrak gyzyl-kümüş bezeg şaýlaryny Goranmak fonduna tabşyrypdyrlar. Türkmen halkynyň görkezen bu watansöýüjilikli edermenligi Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşupdyr.
Umuman, ýurdumyzda häzirki we geljekki nesilleriň röwşen durmuşy üçin janyny pida eden gahrymanlara çuňňur hormat goýulýar. Türkmenistanlylaryň uruş we zähmet gahrymançylyklary häzirki döwürde biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahat we abadan ýaşamagymyzyň binýadyna öwrüldi.
Gurbangeldi HAÝDAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.