Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolýar. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, nebitgaz, ulag-aragatnaşyk, söwda we hususy pudaklarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Muňa şu günler ýurdumyzyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geçirýän nobatdaky duşuşyklary we wideomaslahatlary hem aýdyň subutnama bolup durýar.

Ýur­du­my­zyň dür­li mi­nistr­lik­le­rin­de, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryn­da we bank­lar­da wi­deo­mas­la­hat­la­ry yzy­gi­der­li ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň halk ho­ja­ly­gy­nyň esa­sy pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we ös­dür­mek, se­bit­le­ri se­na­gat­laş­dyr­mak we top­lum­la­ýyn ös­dür­mek, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­re döw­let ta­ra­pyn­dan hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mek bo­ýun­ça tas­syk­lan giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ryň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li çö­zül­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, döw­re­bap san­ly ul­gam­la­ry or­naş­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň ma­li­ýe ul­ga­my­ny we da­şa­ry yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, hal­ka­ra ba­zar­lar­da eýe­le­ýän or­nu­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça uly iş­ler ge­çi­ril­ýär. Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň, Hal­ka­ra ulag fo­ru­my­nyň, BMG-niň Söw­da we ösüş bo­ýun­ça kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň (UNCTAD) we Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň, Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy­nyň (BSG) hem-de Şweý­sa­ri­ýa­nyň “SICPA SA” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de bu ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga giň müm­kin­çi­likler dö­re­dildi.

Bu du­şu­şyk­lar­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de, hu­su­san-da, döw­le­te da­hyl­ly bol­ma­dyk pu­dak­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hu­su­sy ma­li­ýe eda­ra­la­ry, ki­çi kär­ha­na­lar, ýur­du­my­zyň or­ta we iri kom­pa­ni­ýa­la­ry üçin ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­me­giň hem-de mas­la­hat hyz­mat­la­ry­ny ber­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ga­ral­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, döw­le­ti­miz ösü­şiň tä­ze de­re­je­si­ne çyk­dy we dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne iş­jeň go­şu­lyş­ýar. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy dü­züm­ler, şol san­da Bü­tin­dün­ýä ban­ky bi­len ýo­la go­ýul­ýan ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­di. Hä­zir­ki za­man şert­le­rin­de ulag ul­ga­my dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar hem-de dün­ýä ho­ja­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­na we de­ňag­ram­ly­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­miziň dur­mu­şa ge­çir­ýän “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty hem-de Türk­me­nis­tan­da te­le­ke­çi­lik bi­len meş­gul­lan­mak üçin amat­ly ýag­da­ýyň dö­re­dil­me­gi ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­ly önüm­le­ri ön­dür­mek we ola­ry da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de içer­ki is­leg­le­ri hem-de dün­ýä ba­za­ry­nyň ta­lap­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, bu ul­ga­myň kuw­wa­tyn­dan do­ly de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­gy ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ös­dür­mek bi­len bir­lik­de ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da önüm­çi­li­gi­niň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň saz­la­şyk­ly ösü­şin­de hu­su­sy pu­da­gyň hem or­ny ulu­dyr. Bu ugur­da hem hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Hu­su­san-da, oba­se­na­gat top­lu­my, sy­ýa­hat­çy­lyk, söw­da, dok­ma we azyk se­na­ga­ty, ulag, hyz­mat­lar ul­ga­my hem-de gur­lu­şyk se­na­ga­ty ugur­la­ryn­da te­le­ke­çi­le­re uly orun de­giş­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bäs­deş­li­ge ukyp­ly ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň giň gör­nü­şi­niň ila­ta hö­dür­len­me­gi­ni, ýo­ka­ry goş­ma­ça ba­ha­nyň dö­re­dil­me­gi­ni, yk­dy­sa­dy dip­lo­ma­ti­ýa­ny hem-de da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­ny ýur­du­my­zyň işe­wür­li­gi­niň ös­dü­ril­me­gi­niň esa­sy ugur­la­ry hök­mün­de kes­git­le­me­gi hem-de te­le­ke­çi­le­re giň gol­daw ber­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy ul­ga­ma go­şu­lyş­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.
Gül­şat Aky­ýe­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.