Halkymyzyň parahatçylyga we ylalaşyga, ynsanperwerlige hem-de döredijilige üýtgewsiz ygrarlylygy hökmünde her ýyl Ýeňiş güni ýurdumyzda uly dabaralara beslenip bellenilýär. Ýurdumyzda uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler döwlet tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalan. Olaryň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy babatda uly aladalar edilip, ýurdumyzyň islendik şypahanasynda tölegsiz dynç alyp, saglygyny berkitmäge mümkinçilikler döredilen. Ynha, şu günler döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, uruş weteranlary, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlary we tylda zähmet çekenler “1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna” ýubileý medaly bilen sylaglanylýar.
Hormatly Prezidentimiz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäde parahatçylygy saklamak, halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny üpjün etmek babatda nusgalyk işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz 5-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde türkmen we rus halklaryny uzak taryhy döwürleriň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormatlamak hem-de birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belläp, umumy baýramymyzyň – Ýeňiş gününiň öň ýanynda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde ýurdumyzda öndürilen harytlaryň Russiýa Federasiýasyna iberiljekdigini aýtdy.
Uruş we zähmet weteranlarynyň gahrymançylykly durmuş ýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe watançylygyň, wepalylygyň we Watanymyza, halkymyza, ähli adamzada ak ýürekden hyzmat etmegiň nusgalyk mekdebidir, olaryň göreldesi şu günki nesiller üçin hemişelik ýörelgedir.
Saparmyrat Saparmyradow,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.