Ýewropanyň şäherlerinde welosiped üçin ýodalary köpeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şäherlerde welosipedçiler üçin zerur bolan infrastrukturanyň gowulandyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu barada “Ýewropuls” internet portaly habar berýär. Ýakyn wagtda Fransiýanyň 100-den gowrak şäheri welosipedçiler üçin ähli zerur şertleri döretmegi maksat edinýär. Ýurduň paýtagty Pariž şäherinde 650 kilometre barabar täze welosiped ýodalary dörediler. Onuň ilkinji tapgyryny şu ýylyň 11-nji maýda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Fransiýanyň paýtagtynyň ýolbaşçy düzümi welosiped ýodalaryny döretmegi öňden bäri meýilleşdirip gelýärdi. 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna çenli şäheriň ähli köçelerinde tigir sürmek üçin amatly şertler dörediler. Ýakyn geljekde welosiped infrastrukturasyny işjeň ösdürmegi meýilleşdirýän beýleki fransuz şäherleriniň arasynda Lill, Ruan, Le-Man we Marsel şäherleri hem bar. Mundan başga-da, golaýda Italiýanyň Milan şäheri hem welosiped sürmek üçin zerur bolan infrastrukturany giňeltmek baradaky meýilnamalaryny mälim etdi. Şäherde azyndan 35 kilometr ýol welosiped sürýänleriň we pyýadalaryň hyzmatynda bolar.
Jemal KASYMOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.