Italiýanyň sport awtoulaglaryny öndürýän “Lamborghini” kompaniýasy “Huracan” superulagynyň täze görnüşini hödürledi. Ol “Huracan RWD Spyder” diýlip atlandyryldy.
Awtoulagyň agramy 1509 kilograma deň bolup, superulagyň bezeginde alýumin we birleşdirilen materiallar ulanyldy. Bu ulagyň 5,2 litrlik “V10” hereketlendirijisi 610 at güýjüne eýe bolup, 0-dan 100 kilometre çenli ýetmek üçin bary-ýogy 3,5 sekunt gerek, iň ýokary tizligi bolsa, sagatda 324 kilometre deňdir. Italiýanyň dünýä belli kompaniýasynyň täze ulagynyň satuwy şu tomusda başlanar. Häzirden sargytlar kabul edilip başlandy. Mysal üçin, ABŞ-da bu superulagyň bahasy 229,5 müň dollara deň bolar.
Ahat NURÝAGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.