Hytaýda we Gündogaryň beýleki ýurtlarynda çaý bejeriş içgisi hasaplanýar. Çaý adamyň diňe bir keýpini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ähli kesellere, şol sanda düwnük keseline garşy hem göreşijilik ukyby bilen häsiýetlendirilýär. Islendik çaý – gara, gök we beýlekiler şol bir ösümligiň guradylan ýapraklaryndan alynýar.
Çaý ýakymly tagamyndan we ysyndan başga-da, çaý ýapraklarynda emele gelen bejeriş aýratynlyklaryna eýedir. Onuň düzümindäki himiki maddalar ösümligiň ýaşamagyna kömek edýär we belli bolşy ýaly, adamlar üçin örän peýdalydyr. Çaýyň düzümindäki kofein, katehin we L-teanin peýdaly taraplary bilen tapawutlanýar. Kofein kellagyrylary aýyrmak, fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak, ukusyzlygy aýyrmak, dem almagy we ýürek işjeňligini güýçlendirmek üçin ulanylýan güýçli serişdedir. Kofeiniň köp mukdary gara çaýda, az mukdary bolsa gök çaýda bolýar. “L-teanin” diýlip atlandyrylýan gök çaý ekstrakty bazarda ýadyňy we öwreniş ukybyňy ýokarlandyrýan iýmit goşundysy hökmünde hödürlenýär. Köp sanly ylmy-barlaglardan görnüşi ýaly, gök çaý ekstraktlarynyň düwnük keseliniň öňüni almakda we çişiň ösmegini togtatmakda ulanylýar.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.