Ýylyň dowamynda has köp ýagyş ýagýan ýerlerdäki tropik tokaýlyklar özüniň haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolmagy bilen tapawutlanýar. Bu tokaýlyklar gury ýerdäki ýaşyl ummana meňzeýär. Olara guş uçar belentlikden seredilende, aňyrsy-bärsi görünmeýän ýaşyl meýdany görmek bolýar. Bu tokaýlaryň içindäki derýadyr beýleki akar suwlary hem ýokardan görüp bolmaýar. Sebäbi olaryň ýüzüni dürli agaçlardyr beýleki ösümlikler örtýär. Emma has uly derýalary ýokardan görüp bolýar. Tropik tokaýlardaky haýwanlar we ösümlikler san we görnüş babatda deňizlerdäkiden az däl. Bir inedördül meýdanda müňlerçe ösümlik bar. Ýer ýüzüniň ýyly howaly ýerlerinde bolsa, bir inedördül metr ýerde 20 töweregi jandar ýaşaýar. Tropik tokaýyň içinde daş-töweregimize seredenimizde, ilkinji nobatda, ösümlikleriň we haýwanlaryň köpdürlüligine gözüň düşýär. Şeýle ýerleriň howasy hemişe diýen ýaly tomus paslyny ýada salýar. Howanyň üýtgemegi diňe ýagşyň az ýa-da köp ýagmagy bilen bagly bolýar. Güneşiň nury hem-de çygyň täsiri bilen bu tokaýlardaky ösümlikler has çalt ösýärler. Olaryň boýy hem has uzyn bolýar. Bu ýerde bitýän otlaryň käbirleriniň uzynlygy agaçlaryňka barabar. Gülleriň açylýan ýa-da agaçlaryň miwe berýän döwri bolmaýar. Olaryň ýapraklary solmaýar we düşmeýär. Hemişe gök öwsüp oturýar. Ir-iýmişlerdir miweler ýylyň islendik paslynda diýen ýaly ýetişýär. Bu ýerde bitýän otlardyr agaçlar haýwanlaryň iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Tropik tokaýlar adamlaryň ýaşamagy üçin o diýen amatly hasaplanmaýar. Sebäbi bu ýerdäki howanyň çygly we yssy bolmagy ýaşamak üçin oňaýly hasaplanmaýar. Şeýle hem tokaýda adamlar üçin başga howplar hem az däl.
Muňa garamazdan, az hem bolsa, tropik tokaýlarda ýaşaýan ilat bar.
Şeýle tokaýlyklar Kongoda, Gwineýa aýlagynyň kenarlarynda, Madagaskar adasynyň gündogarynda, Amazonka sebitinde, Indoneziýada, Hindistanyň günbatarynda, Pakistanda, Hytaýda, Awstraliýanyň demirgazygynda bar. Kongoda howanyň temperaturasy, ortaça, 26-28 dereje bolýar. Ýylyň alty aýynda yzygiderli ýagyş ýagýar. Howanyň gyzgynlygynyň pese gaçmaýanlygy we yzygiderli ýagşyň ýagmagy bu ýeriň esasy aýratynlygy hasaplanýar. Bu ýerde Ubangi derýasynyň kenaryndaky tokaýlyklar demirgazyga gidildigiçe, has seýrekleşýär. Madagaskaryň has köp ygal düşýän gündogar bölegindäki tokaýlar palma we beýleki agaçlardan emele gelipdir. Ähli ýeri diýen ýaly ösümlikler bilen örtülen Amazonka sebitinde Amazonka derýasy ýeke-täk gatnaw ýoly hasaplanýar. Bu derýa XIX asyryň ahyrlaryndan başlap, gatnaw üçin peýdalanylyp başlanypdyr.
Hindistandaky tropik tokaýlar bolsa, Malabar derýasynyň kenarlary bilen Gimalaý daglarynyň günorta-gündogar eteklerinde bar. Tropik tokaýlyklaryndaky agaçlaryň boýy 75 metre çenli ýetýär.