To­mus paslynda iň köp iýil­ýän bakja önüm­le­riň bi­ri hem gar­pyz­dyr. 80-90 gö­te­ri­mi suw­dan yba­rat bo­lan bu mi­we suw­suz­ly­gy­ňy gan­dyr­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Onuň dü­zü­min­de myş­sa­lar we nerw ulgamy üçin ze­rur bo­lan mag­niý bar­. Sis­tit, nef­rit, pi­ýe­lo­nef­rit ke­sel­le­ri bi­len ke­sel­län­le­re gar­py­zyň şi­re­si­ni iç­mek­ mas­la­hat be­ril­ýär. Şeý­le hem ony dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da peý­da­lan­ýar­lar. Gar­py­zyň dü­zü­min­de kal­siý, mag­niý, şe­ker, de­mir has köp bo­lup, onuň çi­gi­di hem peý­da­ly­dyr. Alym­lar aşa se­miz­li­giň öňü­ni al­mak üçin hem bu mi­wä­ni mas­la­hat ber­ýär­ler. Onuň dü­zü­min­de ka­lo­ri­ýa az bol­sa-da, içe­gä­ni aras­sa­la­ýar. Ga­naz­lyk­da hem giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Kä­di­ler maş­ga­la­sy­na de­giş­li bir­ýyl­lyk ekin bo­lan gar­py­zyň bi­ýa­ra­sy 2-3 met­re çen­li uza­ýar. He­niz bi­şip ýe­tiş­me­dik ki­çi­jik gar­py­za pat­lak, onuň bi­şen-biş­me­di­gi­ni bil­mek üçin ke­si­lip alyn­ýan bö­le­gi­ne bol­sa süm­mül di­ýil­ýär. Gar­py­zyň wa­ta­ny Gü­nor­ta we Mer­ke­zi Af­ri­ka ha­sap­la­nýar. Hä­zir­ki dö­wür­de bu bakja önüm Ýer ýü­zü­niň gu­rak we ys­sy ho­wa­ly ýurt­la­ry­nyň 96-syn­da ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ril­ýär. Dün­ýä­de onuň 1200-den gow­rak gör­nü­şi bar.
Gar­py­zyň ta­ga­my­ny dü­zü­min­dä­ki şe­ker ber­ýär. Onda 5,5-13 göterime çen­li şe­ker (glýu­ko­za, fruk­to­za, sa­ha­ro­za) bol­ýar. Onuň süý­jü­li­gi­ni fruk­to­za kes­git­le­ýär. Onuň möç­be­ri gar­py­zyň dü­zü­min­dä­ki şe­ke­ri­niň ýa­ry­na go­laý bol­ýar. 3-4 ki­log­ram gar­py­zyň dü­zü­min­de fruk­to­za­nyň 150 gra­my bol­ýar.
Ada­myň be­de­ni­ne bir gün­de ge­rek bo­lan mag­ni­niň 150 gra­my­ny gar­pyz­dan alyp bol­ýar. Gar­pyz – pek­tin mad­da­la­ryň, klet­çat­ka­nyň, B1, B2, C, PP wi­ta­min­le­ri­niň, fo­liý tur­şu­sy­nyň we A pro­wi­ta­mi­niň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Onuň çi­gi­din­de 25 gö­te­ri­me çen­li ýag bol­ýar. D wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan bu ýag hi­mi­ki taý­dan ba­dam ýa­gy­na meň­ze­ýär. Gar­py­zyň 100 gra­myn­da, or­ta­ça, 38 ki­lo­ka­lo­ri­ýa bol­ýar. Adat­ça, ter gör­nüş­de iýil­ýän gar­pyz­dan to­şap, pa­ça­gyn­dan mü­rep­be taý­ýar­lan­ýar.
Gar­pyz ba­bat­da gar­şy gör­kez­me­le­ri­niň ýok­lu­gy se­bäp­li, ol is­len­dik ýaş­da­ky adam­la­ra peý­da­ly. Onuň şy­pa be­ri­ji­lik hä­si­ýet­le­ri luk­man­çy­lyk­da giň­den ula­nyl­ýar.
Halk te­bip­çi­li­gin­de gar­py­zyň şi­re­si owa­dan­lyk se­riş­de­si hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr.