Ame­ri­kan dü­ýe­si hem di­ýil­ýän la­ma­lar ýa­ba­ny­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, ada­ma hiç hi­li zy­ýan­syz­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­. Bu jan­dar­ XVI asyr­da el­de­ki­leş­di­ril­ýär. Ol her nä­çe dü­ýä meň­ze­ýän hem bol­sa, go­ýna hem ça­lym­daş­dyr­. Bu üýt­ge­şik jan­dar­ al­pa­ka, gua­na­ko we wi­kun­ýa bi­len bi­le­lik­de, dü­ýe­ler maş­ga­la­sy­nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan ör­küç­siz dört gör­nü­şü­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Onuň bo­ýy iki met­re, ag­ra­my 70-140 ki­log­ra­ma çen­li bo­lup bil­ýär. Uzyn we in­çe­jik aýak­la­ry bo­lan bu jan­da­ryň daş­ky gör­nü­şi diý­seň owa­dan­dyr. Ki­çi kel­le­si, uzyn gu­lak­la­ry we owa­dan göz­le­ri bilen tapawutlanýan bu jandaryň ak, ga­ra we go­ňur reňk­li gör­nüş­le­ri bar. La­ma­la­ryň ga­nyn­da­ky ge­mog­lo­bin de­re­je­si­niň ýo­ka­ry bol­ma­gy, ola­ryň de­ňiz de­re­je­sin­den 5 müň met­re çen­li be­lent­de ýa­şa­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Ola­ra haý­sy­dyr bir howp aba­nan­da, tüý­kür­ýär­ler we ga­çyp baş­la­ýar­lar. Bu jan­dar tä­ze dog­lan ça­ga­sy­ny 4 aý­lap em­dir­ýär. Ek­wa­dor­da, Çi­li­de, Pe­ru­da we Ar­gen­ti­na­da öý­de­çi la­ma­lar dür­li mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Ola­ryň süý­di we ýü­ňi giň­den ula­nyl­ýar. Bu jandarlar suwsuzlyga çydamlylyk babatda hem düýelere meňzeýärler. Ola­ry ýük da­şa­mak­da hem peý­da­lan­ýar­lar. Lamalar esa­san dag de­pe­le­rin­dä­ki we etek­le­rin­dä­ki ösüm­lik­ler bi­len iý­mit­len­ýär­ler.