ABŞ-nyň “Concho Re­so­urces” ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­sy “Re­li­ance Ener­gy” şe­re­ke­tin­den Te­has şta­ty­nyň Mid­lend bas­seý­nin­dä­ki 16 müň gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny eýe­le­ýän ne­bit­-gaz ýa­ta­gy­ny sa­tyn al­mak ba­bat­da yla­laş­dy. Bu ge­le­şi­giň ba­ha­sy 1,625 mil­liard dol­la­ra deň bo­lar. Bu ba­ra­da “Concho Re­so­urces” şe­re­ke­ti ha­bar ber­ýär.
Kom­pa­ni­ýa ge­le­şi­giň ba­ha­sy­nyň 1,1 mil­liard dol­la­ryny nagt, ga­lan 500 mil­li­on dol­la­ry­ny bol­sa, gym­mat­ba­ha­ly ka­gyz­lar ar­ka­ly ama­la aşyr­mak­çy. Bu ge­le­şi­gi şu ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ta­mam­la­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Ne­bit-­gaz ýa­ta­gy­nyň su­but edi­len go­ry 43 mil­li­on bar­rel ne­bi­te deň­dir. Bu ýer­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri do­wam et­di­ril­ýär.
Dün­ýä­de ne­bi­tiň ba­ha­sy­nyň dur­nuk­ly däl­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, kä­bir kom­pa­ni­ýa­lar özü­niň bu ba­zar­da­ky or­nu­ny has-da ber­kid­ýär­ler. Bu ge­le­şik hem şo­nuň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Şeý­le hem ge­çen hep­de Te­has şta­tyn­da iki kom­pa­ni­ýa­nyň ara­syn­da şu­ňa meň­zeş ge­le­şik bag­la­şy­lyp­dy.
“Concho Re­so­urces” kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň Nýu-Mek­si­ka we Te­has ştat­la­ryn­da ne­bit we te­bi­gy gaz ba­bat­da göz­leg iş­le­ri­ni ama­la aşyr­ýan hu­su­sy şe­re­ket­dir.