Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) tutuş dünýäde nebite islegiň barha ýokarlanýandygyny mälim etdi. Gurama agza döwletlerde nebit önümçiliginiň depgini birjik-de gowşadylanok. Bu ýurtlar nebit bazaryndaky ornuny berkitmek üçin önümçiligini artdyrýarlar. Geçen iýul aýynda bu ugurdaky ösüş depgini iň ýokary derejesine çykdy. OPEK dünýäniň nebit bazarynyň üçden bir bölegine eýeçilik edýär.
OPEK-iň düzümindäki esasy ýurtlaryň biri bolan Saud Arabystanynda iýul aýynda nebitiň öndürilişi bir gije-gündizde 46 müň barrele çenli köpeldilip, 33,11 million barrele deň boldy.
Guramanyň çaklamalaryna görä, 2016-njy ýylda nebite isleg bir gije-gündizde 1,22 million barrele deň bolar. Bu görkeziji geçen aýlara garanyňda, 30 müň barrel köpdür. 2017-nji ýylda bolsa, bu görkezijiniň 1,15 million barrele ýetmegine garaşylýar.
Mundan başga-da OPEK guramasynyň aýlyk hasabatyna görä, 2016-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 3 göterime barabar bolar. 2017-nji ýylda bolsa, bu görkezijiniň 3,1 göterime deň bolmagyna garaşylýar.