Eýran bilen Indoneziýa bilelikde täze bir kärhanany gurmagy göz öňünde tutýar. Bilelikdäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň gurluşygyna Hytaýdan we Ýewropadan maýadarlaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Taslamanyň umumy bahasy 8,4 milliard dollara barabardyr. Bu barada Eýranyň Nebit we tebigy gaz önümleri bileleşiginiň başlygy Hassan Hodrodzerdi habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, iki ýurduň arasynda degişli ylalaşyga gol çekildi. Indoneziýanyň hökümeti bu taslama üçin zerur bolan ýer bölegini taýýar etdi. Täze zawody 4 ýa-da 5 ýylda gurmak meýilleşdirilýär. Onuň bir ýyllyk önümçilik kuwwaty 300 müň barrel nebiti gaýtadan işlemäge ukyply bolar. Bu ýerde öndürilen nebit önümleriniň 30 göterimi Eýrana, 20 göterimi Indoneziýa we 50 göterimi Hytaýa degişli bolar.
Indoneziýada täze zawod üçin gerekli çig maly üpjün etmek babatda hem degişli işler alnyp barylýar. Ýurduň çägindäki nebit ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi babatda-da daşary ýurt kompaniýalary bilen degişli ylalaşyklara gol çekildi. Olar bilen 5 milliard barrel nebit gorunyň bardygy çaklanylan ýataklarda gazuw-agtaryş işleri geçiriler.