“BCSB” internet portalynyň hünärmenleri 2019-njy ýylda dünýä awtoulag bazarynda iň köp satylan awtoulaglaryň sanawyny taýýarlady. Bu ugurda birinjiligi “Toyota Corolla” ulagy eýeledi. Geçen ýylyň dowamynda dünýäniň awtoulag bazarynda bu ulagyň 1 million 482 müň 932-si satyldy. Bu söwda görkezijisi 2018-nji ýylda hasaba alnan söwda mukdaryndan 4,5% ýokarydyr.
Ikinji orny “Ford F” kysymly ulag eýeledi. 2019-njy ýylda bu ulagyň 1 milliondan gowragy satyldy. Üçünji orny eýelän “Toyota RAV4” kysymly ulagyň 916 müňüsi satyldy. Şeýle hem bu sanawda “Honda CR-V” (823237), “Civic” (817902), “Volkswagen Tiguan” (770084), “Nissan X-Trail” (761081), “Ram” (754172), “Nissan Sylphy” (729218) we “Volkswagen Polo” (724508 ) ulaglary öz ornuny aldy.
Döwletmuhammet DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.