Dünýäniň iň uzyn awtoulagynda abatlaýyş işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 1990-njy ýyllarda Jem Orberg tarapyndan taýýarlanan “American Dream” (“Amerikanyň arzuwy”) atly limuzin ulagyny täzeden gözden geçirmek meýilleşdirildi. 2 sany “Cadillac Eldorado” ulagyndan emele gelen bu ulagyň uzynlygy 30,5 metre deňdir. Bu ulag Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizilipdi. Onda 26 sany teker bardyr.
Soňky ýyllaryň Orbergiň “Amerikanyň arzuwy” ulagynyň durky birneme pese gaçdy. Ony täzeden abatlamak işleri geçirilip başlandy. Ulagy iki bölege bölüp, ilkibaşdaky ýagdaýyna getirmek üçin degişli işler ýola goýuldy. Bu abatlaýyş işleriniň 2021-nji ýylyň bahar paslynda tamamlanjakdygy mälim edildi.
Baýmuhammet ANNADURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.