“Volvo” kompaniýasy mundan ozal awtoulaglarynda tizlik çäklendirmesini goýjakdygyny mälim edipdi. Indiki ýyldan başlap, kompaniýanyň ulaglarynyň iň ýokary tizligi 180 km/sagat bolar. Çendenaşa ýokary tizlikli ulaglary öndürmek ýokary tehnologiýa talap edýändigi sebäpli ulagyň bahasynyň hem gymmat bolmagyna getirýär. Dünýäniň tizlik çäklendirmesi bolmadyk ýollaryň diňe Germaniýanyň belli ýerlerinde bardygy nazarda tutulanda, bu tizlik sürüjiler üçin aňryýany bilen ýeterlik. Indi bolsa şwed kompaniýasy müşderiniň islegine baglylykda bu görkezijini has hem azaldyp biljekdigini mälim etdi. Munuň üçin bolsa, kompaniýa ulaglaryny “Care Key” atly açar bilen üpjün eder. Ähli ulaglarda goýuljak bu açar tizlik çäklendirmesini azaltmaga mümkinçilik berýär. Bu aýratynlygyň “Volvo”-sy bolan adamyň maşgalanyň ýeterlik tejribesi bolmadyk beýleki agzasyna wagtlaýyn berende gerek boljakdygy aýdylýar. Şeýle hem bu aýratynlygyň “Volvo” sürüjilerine maddy taýdan hem kömegi bar. Sebäbi, haýsydyr bir ýol heläkçiligine uçramadyk ulaglaryň eýeleri ätiýaçlandyryş kompaniýalaryna az pul töleýärler.