Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Watanymyzyň ähli künjeklerinde milli Liderimiziň başlangyjy boýunça häzirki zaman senagat we durmuş düzümlerini kemala getirmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar.

21-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ministrler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat hem-de gur­lu­şyk we se­na­gat top­lum­la­ry­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sar­la­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wiň hem-de Ş.Dur­dy­ly­ýe­wiň gat­naş­mak­la­ryn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Mas­la­hat­da ýur­du­my­zyň ila­ty­ny türk­men top­ra­gyn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy hem-de öň­de dur­ýan, il­kin­ji no­bat­da, ama­la aşy­ryl­ma­ly we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.
Tu­tuş dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti üçin çyl­şy­rym­ly hä­zir­ki şert­ler­de halk ho­ja­ly­gy­nyň esa­sy pu­dak­la­ryn­da iş­le­riň ýag­da­ýy­ny iç­gin sel­jer­mek bi­len, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­kü­met ag­za­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ýag­daý­da iş mas­la­hat­la­ry­ny ge­çir­ýär, olar bi­len hä­zir­ki eme­le ge­len ýag­daý hem-de äh­lu­mu­my de­re­je­dä­ki çök­gün­lik ze­rar­ly ýü­ze çy­kan me­se­le­le­ri çöz­me­giň ýol­la­ry­ny kes­git­le­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­ny açyp, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek ba­ra­da ozal ber­len tab­şy­ryk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ge­çi­ri­len iş­le­riň sel­je­ril­jek­di­gi­ni we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­ny bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­mek üçin Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­we söz ber­di. Wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de, şu gün­ler oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dür­li gör­nüş­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­ga, eke­ran­çy­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len düýp­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ila­ty­my­zy ýurdumyzda ön­dü­ril­ýän ýe­ral­ma, so­gan hem-de beý­le­ki gök-bak­ja önüm­le­ri bi­len bo­le­lin üp­jün et­mek ug­run­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň çäk­le­rin­de gö­rül­ýän çä­re­ler ha­sa­ba­tyň öze­ni­ni düz­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp hem-de oba­se­na­gat top­lu­my­ny öz­gert­mä­ge gö­nük­di­ri­len döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, hä­zir­ki tap­gyr­da bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­me­giň aý­ra­tyn ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Bi­ziň ýur­du­myz oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gin­de özü­ni üp­jün edip bil­ýän döw­let bol­ma­ly­dyr, ba­zar­la­ry­myz dür­li önüm­le­re baý bo­lup, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýo­kum­ly iý­mit­le­re is­leg­le­ri­ni üp­jün et­me­li­dir di­ýip, döw­let Baştu­ta­ny­myz aýt­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň içer­ki ba­za­ry­nyň tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da ze­rur azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re de­giş­li gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýe­we söz ber­di. Wi­se-prem­ýer gö­zeg­çi­lik ed­ýän äh­li dü­züm­le­ri­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Ha­sa­bat­da oba ho­ja­lyk pu­da­gy üçin örän ze­rur bo­lan mi­ne­ral dö­kün­le­riň ön­dü­ri­li­şi­niň ýe­ter­lik muk­da­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Bu ugur­da dö­kün­le­ri ön­dür­mä­ge ýö­ri­te­leş­di­ri­len önüm­çi­lik­le­ri döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň we gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­ma­gyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi ba­ra­da ha­bar be­ril­di.
Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de dö­kün önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak we ola­ry gaý­ta­dan en­jam­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zy se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe­di­gi­ne ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, san­ly ul­ga­ma geç­mek işi­ni çalt­lan­dyr­mak, äh­li dü­züm­le­re tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li we hem­me­ta­rap­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer E.Oraz­gel­di­ýe­we ýüz­le­nip, ýur­du­myz­da ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­mak ba­ra­da tab­şy­ryk ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, ýur­du­my­za da­şyn­dan ge­ti­ril­ýän gök-bak­ja önüm­le­ri­niň möç­ber­le­ri­ni azalt­mak hem-de bu önüm­ler bi­len ila­ty­my­zy üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, şu ýy­lyň güý­zün­de we­la­ýat­lar­da ýe­ral­ma­nyň we so­ga­nyň ekil­ýän meý­da­ny­ny gi­ňelt­mek hem-de goş­ma­ça gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ekil­me­gi üp­jün edil­me­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, we­la­ýat­lar­da ýe­tiş­di­ril­ýän ýe­ral­ma­nyň, so­ga­nyň we gök-bak­ja önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­ler­den sa­tyn alyn­ma­gy hem-de olar bi­len ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da ge­çi­ril­me­gi üp­jün edil­me­li­dir. Ýur­du­myz­da hä­zir­ki wagt­da ön­dü­ril­ýän we goş­ma­ça ön­dü­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän ýe­ral­ma­ny, so­ga­ny hem-de gök-bak­ja önüm­le­ri­ni ta­la­ba­la­ýyk sak­la­mak hem-de ila­ty­my­zy bu önüm­ler bi­len tu­tuş ýy­lyň do­wa­myn­da üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ze­rur so­wa­dy­jy am­mar­la­ry gur­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň do­wam et­di­ril­me­gi ze­rur­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­se-prem­ýer Ş.Dur­dy­ly­ýe­we ýüz­le­nip, ýur­du­myz­da ekil­ýän oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ni mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len üp­jün et­mek ba­ra­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ber­len tab­şy­ryk­la­ryň hä­zir­ki wagt­da örän mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­mak bi­len, şo­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da­ky iş­le­riň ut­ga­şyk­ly we ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny ta­lap et­di. Mil­li Li­de­ri­miz bu iş­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi üçin de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ne ün­si çe­kip, bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Dur­dy­ly­ýew we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jow bi­len bi­le­lik­de paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zi­niň bi­na­gär­lik keş­bi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len ta­nyş­dy. Wi­se-prem­ýer hem-de şä­her hä­ki­mi bu ul­gam­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, Aş­ga­ba­dy aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şä­he­riň bir­nä­çe bi­na­la­ry­ny, aý­ra­tyn-da, paý­tag­ty­my­zyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän des­ga­la­ry aba­dan­laş­dyr­ma­gyň, döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu des­ga­la­ryň şä­he­riň bi­na­gär­lik keş­bi bi­len bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­gi­ne, gö­zel­lik de­re­je­si­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­me­li­di­gi­ni, döw­re­bap­laş­dy­ryş iş­le­rin­de döw­rüň ösen tej­ri­be­sin­den ugur al­ma­ly­dy­gy­ny, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di we bu iş­le­ri hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk de­re­je­de alyp bar­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra wi­se-prem­ýer we paý­tag­ty­my­zyň hä­ki­mi öň­de bol­jak şan­ly se­ne­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk, hu­su­san-da, her ýyl bel­le­nil­ýän
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­le­re gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
“Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ýur­du­my­zyň hemişelik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ne we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­na do­ly ky­bap gel­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan äh­li we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li we top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­läp, bu ugur­da de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni tab­şyr­dy.