Saud Arabystany Patyşalygynda gurluşygy alnyp barylýan «Abraj Kudai» myhmanhanasy 2017-nji ýylda ulanmaga berler. Bu desganyň bahasy 3,5 milliard dollara golaýlaýar. Mekge şäherinde gurulýan myhmanhana 10 müň otag sany bilen dünýäniň iň uly myhmanhanasy diýen derejä eýe bolar. Otaglarynyň köplügi bilen tapawutlanýan bu dynç alyş desgasynda 70 restoran we 4 sany dikuçar meýdançasy bolar. 45 gatdan ybarat bolan bu myhmanhana toplumynyň 2017-nji ýylda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýar.
Her ýyl 2 milliondan gowrak adam Mekge şäherine haj parzyny ýerine ýetirmek üçin gelýär. Bu toplum şol gelýän myhmanlary kabul etmäge doly mümkinçilik berer. Myhmanhananyň gurluşygy ýurduň maliýe toplumy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Häzirki wagtda Malaýziýadaky “First World Hotel” myhmanhanasy 7351 sany otagy bilen dünýäde birinjiligi eýeleýär.