25-nji maýda ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly şygar astynda “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Hormatly Prezidentimiz 15-nji maýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde bu dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde guralmalydygyny nygtady. Şoňa görä, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň baş meýdançalarynda köp sanly uçurymlaryň, mugallymlaryň we bilim işgärleriniň gatnaşmagynda bu dabaralar mynasybetli medeni çäreler guralar. Dabaralaryň çäklerinde tapawutlanan zehinli okuwçylara, halkara olimpiadalaryň we ders bäsleşikleriniň baýrak eýelerine milli Liderimiziň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşurylar.
Şol gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakylar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ilkinji ädimini ätlän mekdepleri bilen hoşlaşjak oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar bolar. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda mundan soňky durmuş ýoly üçin köptaraply bilimleri aldylar.
Watanymyzyň ösmegine goşant goşmaga ukyply ýaş nesiller, olaryň saglygy, terbiýesi, bilimi hem-de aň-paýhas mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak baradaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Dürli ugurlar boýunça okuw mekdepleri açylýar, talyplary we mugallymlary alyşmak boýunça daşary ýurt okuw mekdepleri bilen ylalaşyklar baglaşylýar. Ýaşlaryň ukyplaryny hem-de başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.
Şonuň netijesinde hem ýurdumyzyň bilim ulgamy batly depginler bilen ösýär. Her ýylda ýurdumyzyň şäherlerinde we çetdäki künjeklerinde täze multimedia enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleri ulanylmaga berilýär. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy üçin mekdepleriň okuw tertipnamalaryna binýatlyk dersler bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa hem-de innowasion tehnologiýalar, daşary ýurt (Gündogar we Ýewropa) dilleri ýaly dersler girizildi. Olar esasy dersler bilen bir hatarda, ýaşlara täze bilimleri özleşdirmäge mümkinçilik döreder.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasatyna laýyklykda, zehinli ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler oňyn netijelerini berýär. Türkmen okuwçylary milli we halkara olimpiadalara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bilim ulgamyndaky özgertmeler diňe okuwçylary gurşap almaýar. Mugallymlar, olaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, işlerini kämilleşdirmek hakyndaky alada milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda mugallymlaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmegi, hünäriniň abraýynyň belende galmagy, öňdebaryjy mugallymlaryň we terbiýeçileriň tejribeleriniň wagyz edilmegi üçin zerur şertler döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr” diýip, belleýär. Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerinden ugur alyp mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösüşine mynasyp goşant goşjak ýaşlar bolup ýetişerler.
Umuman, “Soňky jaň” dabaralary ýurdumyzyň ýaş nesliniň Watanymyzyň at-abraýyny belende göterip, halkyň sylag-hormatyna mynasyp bolmagy babatda täze durmuş ýoluna gadam basýandygyny alamatlandyrýar.
Rahmanberdi NÖKEROW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.