Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda
ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
ykrar edilen halkara işewürliginiň merkezine öwrüldi.
Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, mähriban paýtagtymyzyň şanyna biz täze baýramy – Aşgabat şäheriniň gününi döretdik. Bu baýram Aşgabadyň hakyky keşbini öz elleri bilen döredýän paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň, watandaşlarymyzyň ählisiniň baýramydyr. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň baýram edilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapan oňyn özgertmeleriň gerimini äşgär edýär.
Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylykly döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirkizaman binalarynyň gurulmagy şäheriň keşbiniň şu günki aýratynlygydyr.
Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyzda kaşaň we ajaýyp binalaryň ençemesi guruldy we şäheriň çäkleri has-da giňeldildi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mundan başga-da, ak mermerli paýtagtymyz häzirki zaman we milli binagärçilik sungatynyň özboluşly sazlaşygy esasynda gurlan köp sanly ymaratlary we üýtgeşik binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny aldy.
Şäher gurluşygy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bir bölegi, şonuň üçin ýurdumyzyň baş şäheri milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde.
Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýygy-ýygydan paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrýar. Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak, şäher düzümini ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy bilen tanyşýar. Paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalaryna yzygiderli gözegçilik edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, yzygiderli gurulýan edara binalary, senagat kärhanalary, zawodlar, banklar, söwda merkezleri, köpýyldyzly myhmanhanalar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň görkezijileridir. Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalary, ylmy-barlag institutlary we merkezleri, medeniýet köşkleri bolsa halkyň medeni-ruhy derejesini görkezýändir. Häzirki zaman sport desgalary bilen bolsa Aşgabat sebitiň iri sport merkezine, dünýäniň iri sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Soňky ýyllarda Aşgabadyň iri işewürlik, medeni we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi ýokarda aýdylanlaryň doly şaýadydyr.
Paýtagtymyz Aşgabatda şähergurluşyk maksatnamalarynyň çäklerinde döwrebap we innowasion taýdan täzeçil taslamalary durmuşa geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulmagy meýilleşdirilýän “smart city” taslamasydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen bu iri şähergurluşyk taslamasy taýýarlandy. “Şäher içinde şäher” taslamasynyň täze şäher infrastrukturasy “akylly şäher” modeline görä bina ediler.
Şeýle hem paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ony ekologiýa taýdan arassa şäherleriň birine öwürmek babatda hem giň gerimli işler ýerine ýetirilýär. Soňky ýyllarda “ýaşyl zolaklaryň” köp derejeli ulgamyna birleşdirilen täze tokaýlyklar şähere bezeg berýär. Şäheriň tutuş ugry boýunça şeýle giň möçberli ýaşyl meýdançalary döretmek taslamasy köp babatda täsindir. Täze seýilgähler hem-de seýilbaglar paýtagtymyzyň özboluşly “merjen halkasyny” emele getirýär.
Mundan başga-da, paýtagtymyzyň günorta künjeginde täze işewürlik merkezi kemala gelýär. Bu ýerde hem iri gurluşyk taslamalary amala aşyrylýar. Häzir bu ýerde Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, “Arkadag” myhmanhanasy, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň edara binasy, “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Hökümet münberiniň binasy, Kabul ediş merkeziniň binasy hem-de Welosiped binasy gurulýar. Şäheriň bu künjeginde ýakyn geljekde peýda boljak döwrebap desgalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirer we Aşgabadyň görküne görk goşar. Paýtagtymyzyň bu künjegi soňky ýyllarda şäheriň çalt depginlerde özgerýän ýerine öwrüldi. Täze gurulýan binalar Köpetdagyň keşbi hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşýar.
Atajan MYLKYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.