“Qianlong” seljeriş kompaniýasy 2020-nji ýylyň maý aýy boýunça iň köp elektroulaglary öndürýän kompaniýalaryň sanawyny taýýarlady.
Sanawy düzýänler ulaglary öndürýän kompaniýalaryň abraý gazanmagynda innowasiýa we tehnologik täzelikleriň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şonuň üçin bu kompaniýalar soňky ýyllarda dürli täzelikleri ulanyp, önümçiligini giňeldýärler.

Dün­ýä bel­li elekt­rou­lag brend­le­riň sa­na­wy:
10. “Nio” – elekt­rik­li aw­tou­lag ön­dür­ýän Hy­ta­ýyň meş­hur aw­tou­lag kon­ser­ni­dir. Kom­pa­ni­ýa 2014-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­dy.
9. “Mercedes-Benz” – dür­li gör­nüş­li ulag­la­ry ön­dür­ýän dün­ýä bel­li ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy şol bir wagt­da elekt­rou­lag­la­ry hem ön­dür­ýär. Kom­pa­ni­ýa özü­niň ka­şaň “Mercedes-May­bach Vision 6” elekt­rou­la­gy­ny ta­nyş­dyr­dy.
8. BJEV – Bir­nä­çe aw­tou­lag we ma­şyn­gur­lu­şyk kär­ha­na­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän Hy­ta­ýyň döw­let eýe­çi­li­gin­dä­ki kom­pa­ni­ýa­dyr. BAIC BJEV bö­lü­mi di­ňe elekt­rik ulag­la­ry bi­len iş sa­lyş­ýar.
7. “Gee­ly” – Hy­ta­ýyň iň uly aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa elekt­rik­li aw­tou­lag­la­ry we gib­rid ulag­la­ry ön­dür­ýär. Onuň Hy­taý­da 9 za­wo­dy bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň iş­gär­le­ri­ni taý­ýar­la­mak üçin ýo­ka­ry bi­lim eda­ra­la­ry bo­lup, Hy­taý­da we Şwe­si­ýa­da bir­nä­çe yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bar.
6. BYD – Hy­ta­ýyň Şenç­žen şä­he­rin­de ýer­leş­ýän aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Onuň ýö­ri­te aw­tou­lag ön­dür­ýän şä­her­çe­si bo­lup, onuň önüm­çi­lik kuw­wa­ty 300 müň aw­toula­ga deň­dir.
5. BMW – aw­tou­lag­la­ry, mo­to­sikl­le­ri, he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri we we­lo­si­ped­le­ri ön­dür­ýän iri ne­mes kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Bu söw­da mar­ka­sy bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ýar we köp ýyl bä­ri aw­tou­lag ba­za­ryn­da öň­de­ba­ry­jy­lar­dan bi­ri­dir.
4. “GAC NE” – 1997-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan Guanç­žou şä­he­rin­de ýer­leş­ýän aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­sydyr. “GAC” to­pa­ry, “Trumpchi” ky­sym­ly aw­tou­lag­la­ry, “Go­now” ky­sym­ly ýük aw­tou­lag­la­ry, “GAC Bus” ky­sym­ly aw­to­bus­la­ry bi­len ta­nal­ýar.
3. “Volks­wa­gen” – dür­li aw­tou­lag mar­ka­la­ry­na eýe bo­lan ne­mes aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­sidir. Bu dün­ýä­dä­ki iň meş­hur aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­rin­den bi­ri­dir.
2. “Audi” – “Volks­wa­gen Group” kon­ser­ni­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän fir­ma­la­ryň bi­ri­dir. Ol “Audi” ky­sym­ly ulag­la­ry ön­dür­mäge bi­len ýö­ri­te­leş­di­ri­len­dir.
1. “Tes­la” – elekt­rik ulag­la­ry­ny ön­dü­ri­ji we elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny sak­la­mak üçin çöz­güt­leri oý­lap tap­ýan ABŞ-nyň kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Ol dün­ýä bel­li elekt­rik in­že­ne­ri we fi­zigi Ni­ko­la Tes­la­nyň ady­ny gö­ter­ýär.
Döw­let­mu­ham­met DUR­DY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.