Her ýyl 23-nji iýun­da Hal­ka­ra Olim­pi­ýa gü­ni bü­tin dün­ýä­de Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň hä­zir­ki za­man gör­nü­şin­de gaý­ta­dan di­kel­dil­me­giniň ha­ty­ra­sy­na bel­le­nil­ýär. Bü­tin dün­ýä­de Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ne ba­gyş­la­nan ýö­ri­te baý­ram­çy­ly­gy dö­ret­mek pi­ki­ri il­kin­ji ge­zek 1947-nji ýyl­da Stok­golm­da ge­çi­ri­len Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň 41-nji mej­li­sin­de be­ýan edil­di. Bir ýyl­dan soň­ra bol­sa, Sankt-Mo­ris­dä­ki Hal­ka­ra olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň 42-nji mej­li­sin­de bu baş­lan­gyç res­mi taý­dan tas­syk­lan­dy.
Aşak­da­ky wa­ka­lar bu baý­ram­çy­ly­gyň dö­re­dil­me­gi üçin ta­ry­hy şert bo­lup hyz­mat et­di. 1894-nji ýy­lyň iýun aýyn­da Pa­riž şä­he­rin­de be­den­ter­bi­ýe me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Hal­ka­ra at­le­ti­ka kong­re­si ge­çi­ril­di, oňa 12 ýur­duň we­ki­li gat­naş­dy. 23-nji iýun­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň öň­ba­şçy­sy ha­sap­lan­ýan ba­ron Pýer de Ku­ber­te­niň ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di. Ol öz ha­sa­ba­tyn­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk esas­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Kong­res Pýer de Ku­ber­te­niň tek­li­bi­ni tas­syk­la­dy we şo­nuň ne­ti­je­sin­de her 4 ýyl­dan bir ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ýo­la go­ýul­dy.
Bu ta­ry­hy se­ne Hal­ka­ra Olim­pi­ýa gü­nü­ni bel­le­mek üçin saý­la­nyp alyn­dy. Onuň mak­sa­dy bü­tin dün­ýä­de sporty wagyz etmekden we ýa­şy­na, jyn­sy­na ýa-da sport ba­şar­nyk­la­ry­na ga­ra­maz­dan äh­li is­leg bil­dir­ýän­le­riň sport he­re­ke­ti­ne gat­naş­ma­gy­ny ga­zan­mak­dan yba­rat­dyr.
Il­kin­ji Olim­pi­ýa oýun­la­ry 1896-njy ýyl­da Gre­si­ýa­da ge­çi­ril­di we oňa 14 ýurt­dan 241 tür­gen gat­na­şyp, spor­tuň 9 gör­nü­şi bo­ýun­ça gy­zyk­ly bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Ýüz ýyl­dan hem köp wagt­dan soň­ra Gre­si­ýa 2004-nji ýyl­da tä­ze­den Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ri­lýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Bu ge­zek bu ab­raý­ly sport ýa­ry­şy­na dün­ýä­niň 202 ýur­dun­dan 11 müň­den gow­rak tür­gen gat­naş­dy.
Jawad ASKEROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.