Ykjam aragatnaşyk ulgamy yzygiderli ösýär. Häzirki wagtda bu ugurda aragatnaşygyň täze nesli 5G ulgamyny işjeň durmuşa geçirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Bu ulgamyň gerimini giňeltmek üçin iri kompaniýalar hem öz goşandyny goşýarlar. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde 5G ulgamly smartfonlaryň satuwy 24,1 million birlige deň boldy. Bu barada “Strategy Analytics” kompaniýasynyň taýýarlan hasabatynda bellenilip geçilýär.
5G ulgamly smartfonlary iň köp öndürýän uly kompaniýalaryň 5-si barada gysgaça maglumat bermegi makul bildik.
5. “Oppo” – Hytaýyň sarp ediji elektronika harytlaryny öndürýän uly kompaniýasydyr. Bu kompaniýanyň smartfonlary dünýäde iň ygtybarly telefonlaryň biri hasaplanýar. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde onuň bazardaky paýy 5 göterime deňdir.
4. “Xiaomi” – Hytaýyň iri kompaniýalarynyň biridir. Onuň bazardaky paýy 10,4 göterime deňdir. Umuman alanyňda, bu kompaniýanyň önümleriniň agramly bölegi Hytaýyň bazarynda satylýar.
3. “Vivo” – Hytaýyň ýene bir uly kompaniýasydyr. Onuň bazardaky paýy 12 göterime deňdir. Bu kompaniýanyň Günbatar bölekdäki satuwy birneme pes.
2. “Huawei” – telekommunikasiýa ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biridir. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde onuň 5G bazaryndaky paýy 33,2 göterime deň boldy. Kompaniýa jemi 8 million 5G smartfonlarynyň söwdasyny amala aşyrdy.
1. “Samsung” – bu sanawyň öňdebaryjysy Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasydyr. Onuň bazardaky paýy 34,4 göterime deň bolup, hasabat döwründe 8,3 million telefon satdy.
Göwher MUHAMOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.