Yk­jam ara­gat­na­şyk ul­ga­my yzy­gi­der­li ös­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da ara­gat­na­şy­gyň tä­ze nes­li 5G ul­ga­my­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da giň ta­gal­la­lar edil­ýär. Bu ul­ga­myň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek üçin iri kom­pa­ni­ýa­lar hem öz go­şan­dy­ny goş­ýar­lar. 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de 5G ul­gam­ly smart­fon­la­ryň sa­tu­wy 24,1 mil­li­on bir­li­ge deň bol­dy. Bu ba­ra­da “Stra­te­gy Ana­ly­tics” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň taý­ýar­lan ha­sa­ba­tyn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
5G ul­gam­ly smart­fon­la­ry iň köp ön­dür­ýän uly kom­pa­ni­ýalaryň 5-si ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat ber­me­gi­ ma­kul bil­dik.
5. “Op­po” – Hy­ta­ýyň sarp edi­ji elekt­ro­ni­ka ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­ýän uly kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň smart­fon­la­ry dün­ýä­de iň ygtybarly te­le­fon­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. 2020-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de onuň ba­zar­da­ky pa­ýy 5 göterime deň­dir.
4. “Xiao­mi” – Hy­ta­ýyň iri kom­pa­ni­ýa­larynyň biridir. Onuň ba­zar­da­ky pa­ýy 10,4 gö­te­ri­me deň­dir. Umu­man ala­nyň­da, bu kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­le­ri­niň ag­ram­ly bö­le­gi Hy­ta­ýyň ba­za­ryn­da sa­tyl­ýar.
3. “Vivo” – Hy­ta­ýyň ýene bir uly kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Onuň ba­zar­da­ky pa­ýy 12 gö­te­ri­me deň­dir. Bu kom­pa­ni­ýa­nyň Gün­ba­tar bö­lek­däki sa­tu­wy bir­ne­me pes.
2. “Hua­wei” – te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­larynyň bi­ri­dir. 2020-nji ýylyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de onuň 5G ba­za­ryn­da­ky pa­ýy 33,2 gö­te­ri­me deň bol­dy. Kom­pa­ni­ýa jemi 8 mil­li­on 5G smart­fon­la­ry­nyň söw­da­sy­ny ama­la aşyr­dy.
1. “Sam­sung” – bu sa­na­wyň öň­de­ba­ry­jy­sy Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy­dyr. Onuň ba­zar­da­ky pa­ýy 34,4 gö­te­ri­me deň bo­lup, ha­sa­bat döw­rün­de 8,3 mil­li­on te­le­fon sat­dy.
Göw­her MU­HA­MO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky Inže­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.