Mä­lim bo­lşy ýa­ly, ki­wi mi­we­si köp san­ly wi­ta­min­le­ri özün­de jem­le­ýär. Ol hä­zir­ki wagt­da adam­la­ryň gün­de­lik dur­mu­şyn­da sarp ed­ýän esa­sy mi­we­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Bu miwe Hy­ta­ýyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýetişdirilip, 1850-nji ýyl­lar­da Ýew­ro­pa ara­laş­ýar we 1900-nji ýyl­dan soň­ra Ýew­ro­pa­da has köp sarp edi­lip baş­lan­ýar. Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ar­ka­ly dün­ýä­niň köp ýur­du­na giň­den ýaý­rap­, käbir döwletlerde ki­wi­niň ça­ýy hem taý­ýar­la­nyp­dyr.
Hy­ta­ýyň halk luk­man­çy­ly­gyn­da ki­wi gyz­zyr­ma­nyň, iý­mit siň­di­riş we wi­rus ýo­kanç­ly­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin ula­ny­lyp­dyr. Ki­wi­niň adam be­de­ni­niň kesellere garşy durujylyk uky­by­ny güýç­len­dir­mek we me­ta­bo­liz­ma­ny go­wu­lan­dyr­mak ýa­ly sag­ly­k üçin uly peý­da­sy bar. Bu miwe köp wi­ta­min­le­ri we mi­ne­ral­la­ry öz içi­ne al­ýar. Bir ki­wi aşak­da­ky mak­roe­le­ment­ler­den dur­ýar: ka­lo­ri­ýa­sy: 42,1 kkal, ug­le­wod­lar: 10,1 g, kal­siý: 23,5 mg, mag­niý: 11,7 mg, fos­for: 23,5 mg, ka­liý: 215 mg, “C” wi­ta­mi­ni: 64 mg, E wi­ta­mi­ni: 1,0 gr.
Ki­wi di­ňe bir ada­myň dür­li ke­sel­le­re gar­şy durujylyk uky­by­ny güýç­len­dir­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­ny ka­da­laş­dyr­mak­da­ky tä­si­ri hem ulu­dyr. Şeý­le hem kiwi adam­la­ry dok sak­lap, ola­ryň hor­lan­ma­gy­na hem kö­mek ed­ýär.

Ma­ral TA­ŇRY­BER­DI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-
teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.