Suw adamzadyň ýaşaýyş çeşmesidir. Adam bedenindäki ýeterlik mukdardaky suw köp babatda peýdaly bolup durýar, adamyň derisini arassalaýar. Içegeler we aşgazan-içege ulgamynyň kadaly işlemegine mümkinçilik berýär. Şeýle hem adamlar suwa limon goşup içýärler. Ony köplenç aşa köp agramdan saplanmak üçin içýärler. Emma lukmanlar limonly suwuň başga-da birnäçe peýdaly taraplaryny belläp geçýärler.
1. Adamyň göreşijilik ukybyny güýçlendirýär: Limonyň düzüminde adamyň göreşijilik ukybyny ep-esli berkitmäge mümkinçilik berýän “C” witamini bar. Şonuň üçin hemişe limonly suw içýän adamlaryň golaýyna kesel gelmeýär. Bu içgi dürli ýokançlyklara, bokurdak agyrylaryna garşy göreşmäge kömek edýär. Şeýle hem limonly suwuň ýaralaryň has çalt gowulaşmagyna edýän täsiri barada hem bellemän geçmek bolmaýar.
2. Derini arassalaýar: Limonly suwuň derini arassalamakdaky täsiri uludyr. Netijede düwürtikleri, ýanan ýerleriň hem-de deriniň suwjarýan ýerlerini aýyrmaga mümkinçilik berýär. Limon suwuklygy yzygiderli içilse deriniň garramagyny haýalladýar.
3. Iýmit siňdiriş ulgamyna peýdaly: Iýmit siňdiriş ulgamyndaky käbir kynçylyklary aňsat çözüp bolýar. Limonly suw içmek has peýdaly. Artykmaç iýmitlenilende ýarym limonyň suwuny bir bulgur suwa garyp içmek maslahat berilýär. Şonda aşgazandaky agyrlyk gysga wagtda aýrylar.
4. Gan basyşy kadalaşdyrýar: Sitrus miwesi garylan suw gan basyşyny kadalaşdyrýar, gany arassalaýar. Limonda kaliý mineralynyň köp bolmagy ýürek-damar kesellerine garşy göreşmegiň iň oňat usuly bolup, ýürek bulanmagy, baş aýlanmagy hem aradan aýyrýar.
Myrat ORAZDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.