Grek ho­zy ýü­rek üçin iň peý­da­ly iý­mit ha­sap­lan­ýar. Bu ba­ra­da Gar­ward jem­gy­ýet­çi­lik-sag­lyk mek­de­bi­niň luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry Mar­ta Gu­aş Fer­re Is­pa­ni­ýa­nyň “La Vanguardia” ga­ze­ti­ne be­ren be­ýa­na­tyn­da bel­läp ge­ç­ýär. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, ho­zuň bu gör­nü­şi öz­bo­luş­ly ýo­kum­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
– Grek ho­zy beý­le­ki hoz­la­ra ga­ra­nyň­da bir­ne­me üýt­ge­şik dü­zü­me eýe­dir. Onuň dü­zü­min­de köp muk­dar­da al­fa-li­no­len kis­lo­ta­sy bar. Ol hem ome­ga-3 ýag kis­lo­ta­sy ha­sap­lan­ýar. Bu ýag kis­lo­ta­sy ba­lyk­da köp­dür – di­ýip, luk­man bel­läp geç­ýär. Şeý­le hem luk­man grek ho­zu­nyň wi­ta­min­le­re, mi­ne­ral­la­ra we an­ti­ok­si­dant­la­ra baý­dy­gy­ny bel­le­di. Fer­re ho­zuň bu gör­nü­şi bi­len yzy­gi­der­li iý­mit­len­me­giň ýü­rek-da­mar ul­ga­my­nyň ke­sel­le­ri­niň dö­re­me­gi­niň öňü­ni alyp bil­jek­di­gi­ni, şeý­le hem çiş­mä gar­şy tä­si­ri­niň bar­dy­gy­ny bel­läp geç­di.

Mergen ATAÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk
uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.