Gonkongyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary şekilleri tapawutlandyryp bilýän bioniki göz oýlap tapdylar. Bu barada
“Nature” ylmy žurnalynda bellenilip geçilýär.
Emeli gözüň ululygy – diametr boýunça iki santimetr. Emeli gözüň ýagtylyk kabul edýän bölegine ýagta duýgur nano geçirijiler ýerleşdirildi. Ol hem ýörite materialdan taýýarlandy. Bu material Gün batareýalaryny öndürmek üçin ulanylýar. Şeýle hem gözüň togalagy elektrik geçiriji suwuklyk bilen dolduryldy.
Bu emeli gözüň birnäçe harpy tapawutlandyryp bilýändigi anyklandy. Ol “I”, “E” we “Y” harplarynyň şekilini kesgitläp bildi. Alymlaryň pikiriçe, bu göz 100 piksel ýitiligi bilen şekilleri görüp bildi. Adamyň gözi bolsa, 120-140 megapiksel ýitilikde şekilleri görüp bilýär. Şeýle-de bolsa, alymlaryň oýlap tapan bu emeli gözi häzirki ýagdaýda ylym babatda gazanylan uly ösüşleriň biridir.
Azat KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.