Kompaniýanyň täze ýolbaşçysy

401241.jpgMeş­hur rus ýa­zy­jy­sy Alek­sandr Sol­že­ni­sy­nyň (1918-2008) 47 ýaşly og­ly Ste­pan Sol­že­ni­sy­n ýa­kyn wagt­da Rus­si­ýa­nyň iň uly kö­mür kom­pa­ni­ýa­sy – “Si­bir kö­mür ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň” baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­ner. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Kom­pa­ni­ýa on bäş ýyl­dan gow­rak wagtlap ýol­baş­çy­lyk eden öň­ki baş di­rek­tor Wla­di­mir Ra­şews­kiý di­rek­tor­lar ge­ňe­şin­de ga­lar. Kom­pa­ni­ýa Si­bir­dä­ki öň­de­ba­ry­jy kö­mür, ýy­ly­lyk we elekt­rik ön­dü­ri­ji­le­ri­niň bi­ri­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň kär­ha­na­la­ry Rus­si­ýa­nyň on iki se­bi­tin­de iş­le­ýär.

Tä­ze baş­lyk bel­le­ner

400824.jpgBü­tin­dün­ýä Söw­da Gu­ra­ma­sy­nyň (BSG) baş mü­di­ri Ro­ber­tu Aze­we­du we­zi­pe yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň möh­le­ti­niň 2021-nji ýyl­da ta­mam­lan­ýan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 31-nji aw­gust­da we­zi­pe­sin­den çe­kil­ýär. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­ýär. – Ikin­ji iş möh­le­ti­mi gö­ni bir ýyl azal­dyp, 2020-nji ýy­lyň 31-nji aw­gus­tyn­da we­zi­päm­den git­me­gi ýü­re­gi­me düw­düm – di­ýip, ol aýt­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, onuň orun­ba­sar­la­ryn­dan bi­ri BSG-nyň tä­ze baş­ly­gy bo­lup bi­ler. 62 ýaş­ly Ro­ber­tu Aze­we­du 2013-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­dan bä­ri iş­läp, onuň ikin­ji dört ýyl­lyk möh­le­ti 2017-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da baş­lap­dy.

Önüm­çi­li­ge baş­la­dy

400885.jpgABŞ-nyň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri iki aý ara­kes­me­den soň 18-nji maý­da ýurt­da­ky 50 za­wod­da işe baş­la­dy­lar. “Ge­ne­ral Mo­tors”, “Ford” we “Fi­at Chrys­ler” za­wod­la­ry şert­na­ma la­ýyk­lyk­da Det­roýt, Çi­ka­go, To­le­do, Lui­swil­l we Kan­zas-Si­ti şä­her­le­rin­dä­ki za­wod­la­ryn­da önüm­çi­li­ge gaý­ta­dan gi­riş­di­ler. Müň­ler­çe iş­çiler za­wod­la­ra gaý­dyp gel­di­ler. ABŞ-nyň Fe­de­ral äti­ýaç­lyk­la­ry eda­ra­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, ap­rel aýyn­da ýurt­da aw­tou­lag­la­ryň we äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­nyň 70 gö­te­rim­den gow­rak aza­lan­dy­gy se­bäp­li aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­ler önüm­çi­li­gi gaý­ta­dan di­kelt­mä­ge baş­la­dy­lar.

Jar­na­ma ka­bul e­dildi

400959.jpgBol­ga­ri­ýa­nyň, Kip­riň, Is­pa­ni­ýa­nyň, Hor­wa­ti­ýa­nyň, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Gre­si­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň, Mal­ta­nyň, Por­tu­ga­li­ýa­nyň we Slo­we­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri he­re­ket azat­ly­gy­ny di­kelt­mek we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de sy­ýa­hat et­mek bo­ýun­ça ut­gaş­dy­ry­lan çe­me­leş­me ba­ra­da jar­na­ma ka­bul et­diler. Bu ba­ra­da Gre­si­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň met­bu­gat gul­lu­gy ha­bar ber­di. Her ýur­duň dip­lo­ma­tik kor­pu­sy­nyň we­kil­le­ri Ýew­ro­pa tas­la­ma­sy­nyň esa­sy öze­ni­ni Ýew­ro­pa­da he­re­ket we sy­ýa­hat azat­ly­gynyň düzýändigini bel­le­di­ler.

Mel­hem­ler­den dö­re­di­len su­rat

401025.jpgHin­dis­tan­ly ta­lyp dürli ot­lar­dan we mel­hem­ler­den dün­ýä­niň iň uly su­ra­ty­ny dö­re­dip, Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. And­hra-Pra­deş şta­tyn­da­ky uni­wer­si­te­tiň elekt­ro­ni­ka we ara­gat­na­şyk fa­kul­te­ti­niň ta­ly­by Ta­ti­ne­ni Sre­ýa ady ag­za­lan ese­riň aw­to­ry­dyr. Ol si­map sul­fi­diniň ag­dyk­lyk ed­ýän ys­ly zat­la­ryň kö­me­gi bi­len dün­ýä­niň iň uly su­ra­ty­ny dö­ret­me­giň höt­de­sin­den gel­di. Su­rat­da Gü­nüň do­gu­şy­na se­red­ýän gyz şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Su­ra­tyň meý­da­ny tak­my­nan 180 ine­dör­dül metr. Ta­lyp öz ese­ri­ni dö­ret­mek üçin dört sa­gat 15 mi­nut sarp eden­di­gi­ni aýt­dy.

Bir­ba­da al­ty ça­ga

401105.jpgFran­si­ýa­da soň­ky 30 ýyl­da il­kin­ji ge­zek bir­ba­da al­ty ça­ga dünýä indi. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Stras­burg­da bäş gyz we bir og­lan dün­ýä in­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bä­bek­le­riň ag­ra­my 630-730 gram. Maşgalada mun­dan ozal iki ça­ga bardy. Ça­ga­la­ryň sag-aman dün­ýä in­me­gi üçin luk­man­la­ryň we şe­pa­gat uýa­la­ry­nyň 30-ysy kö­mek et­di. Ça­ga­lar aý­ra­tyn gö­zeg­çi­lik bö­lü­mi­ne ýer­leş­di­ri­lip, olar bu ýer­de uzak wagt­lap luk­man­la­ryň gö­zeg­çi­li­gin­de bo­lar­lar. Dün­ýä­de bir­ba­da al­ty ça­ga­nyň dünýä inmegi seý­rek ýag­daý ha­sap­la­nyp, or­ta­ça, 4,7 mil­liard dog­luş­da bir ge­zek bol­ýar.

Tä­sin ta­pyn­dy

401169.jpgZam­bi­ka­da (Pol­şa) abat­la­ýyş iş­le­ri wag­tyn­da gur­lu­şyk­çy­lar yba­dat­ha­na­nyň güm­me­zin­den gu­ty tap­dy­lar. On­da XVIII asy­ryň ahy­ry­na de­giş­li zat­lar bar. Gur­lu­şyk­çy­lar gu­tu­dan ne­mes di­lin­de ýa­zy­lan res­mi­na­ma­la­ry tap­dy­lar. Ýaz­gy­lar­dan bel­li bol­şu­na gö­rä, şol dö­wür­de şä­her Muns­ter­berg diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dyr. Ol Prus­si­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň bir bö­le­gi bo­lup­dyr. Ta­py­lan res­mi­na­ma­lar yba­dat­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly. Yba­dat­ha­na 1797-nji ýyl­da gur­lan eken. Ta­py­lan ka­gyz­lar­da bi­na­gär­le­riň, iş üçin pul ba­gyş eden­le­riň sa­na­wy gör­ke­zil­ýär. Äh­li ta­pyn­dy­lar mu­zeý ser­gi­si­niň bir bö­le­gi­ne öw­rül­di.