Aragatnaşyk enjamlaryny we tehnologiýalaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Nokia” 5G tizlik rekordyny goýdy. Kompaniýa ABŞ-da geçirilen synagda 4,7 Gb/sekunt tizligine ýetdi. Fin kompaniýasy bu tizlige dürli enjamlaryň birleşdirilip utgaşykly ulanylmagy netijesinde ýetdi. Şeýle hem kompaniýa bu tizlige ýetmek üçin “bulut” tehnologiýasynyň hem ulanylandygyny mälim etdi. Bu tehnologiýa müşderileriň LTE hem-de 5G torlaryny bir wagtda ulanmagyna mümkinçilik berýär. “Nokia”-nyň mobil torlar boýunça ýolbaşçysy Tommi Uitto geçirilen synanyşygyň ABŞ-da 5G hyzmatlaryny ösdürmekde esasy sepgitleriň biridigini belledi. Ol häzirki wagtda bu ýurtda iri aragatnaşyk operatorlaryny dürli enjamlar bilen üpjün edýändiklerini we hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy.
Mundan ozalky tizlik rekordy “Ericsson” kompaniýasyna degişlidi. Golaýda geçirilen synagda şwed kompaniýasy 4,3 Gb/sekunt tizligi hasaba alypdy. “Ericsson” kompaniýasy bu tizlik arkaly bir sagatlyk 4K durulygyndaky wideoýazgyny 14 sekuntda göçürip alyp boljakdygyny mälim edipdi. “Ericsson”-dan ozalky rekord bolsa, Hytaýyň “Huawei” kompaniýasyna degişlidi. Hytaý kompaniýasynyň görkezijisi 2,9 Gb/sekunt bolupdy.
Entek 5G infrastrukturasy dünýäde o diýen ýaýramadyk hem bolsa, iri kompaniýalar aragatnaşygyň 6-njy neslini kämilleşdirmegiň aladasyny edip başladylar. Aragatnaşygyň 5-nji we ondan soňky nesli diňe adamlaryň arasynda däl, dürli enjamlaryň, öý hojalyk tehnikalarynyň, ulaglaryň, senagat kärhanalarynyň arasyndaky maglumat aragatnaşygyny hem ýola goýmaga mümkinçilik berýär.