Tä­ze mag­lu­mat­lar Aýyň peý­da bol­ma­gy ba­ra­da­ky iň meş­hur na­za­ry­ýe­ti so­rag as­tyn­da goý­ýar. Ýe­riň te­bi­gy hem­ra­syn­da aşa köp ug­le­rod bo­lup, bu ýag­daý Aýyň ga­ty gyz­gyn bu­lut­lar­dan eme­le ge­len bol­ma­gy müm­kin di­ýen pi­ki­re atar­ýar. “Science Advances” žur­na­lyn­da çap edi­len yl­my ma­ka­la­da bu ba­ra­da jik­me-jik gür­rüň be­ril­ýär.
Ýö­ne Aýyň eme­le gel­şi ba­ra­da öň­den bä­ri bel­li bir na­za­ry­ýet bar. Bu çak­la­ma gö­rä, dört mil­liard ýyl­dan gow­rak mundan ozal Teý­ýa pla­ne­ta­sy Ýe­r bi­len ga­bat­laş­ýar. Ägirt uly ur­gy ne­ti­je­sin­de ma­te­ri­ýa­nyň ägirt uly par­ça­la­ry kos­mo­sa gaz we gyz­gyn to­zan gör­nü­şin­de zy­ňyl­ýar. Bu mad­da­la­ryň bir bö­le­gi Ýe­re gaý­dyp ge­lip, ga­lan ma­te­ri­al­lar­dan wag­tyň geç­me­gi bi­len Aý eme­le gel­ipdir.
Bu na­za­ry­ýet köp san­ly mag­lu­mat­la­ry ut­gaş­dyr­ýar. Oňa Ýe­riň oku­nyň ep-es­li gy­şar­ma­sy (bu şol ur­gy­nyň ne­ti­je­si bo­lup bi­ler) we kos­mo­nawt­la­ryň Ýe­re ge­ti­ren Aý jyns­la­ry­nyň hi­mi­ki dü­zü­mi de­lil hök­mün­de or­ta atyl­ýar. Em­ma in­di ast­ro­nom­lar bu tag­ly­myň çä­gin­de dü­şün­dir­me­si ga­ty kyn bo­lan mag­lu­mat­la­ry al­dy­lar.
Bu ýer­de gür­rüň Ýa­po­ni­ýa­nyň or­bi­tal en­ja­my KA­GUYA ar­ka­ly bir ýa­rym ýyl­lap bar­la­nan ug­le­rod ion­la­ry­nyň aky­my ha­kyn­da bar­ýar. Alym­lar Aýyň üst­ki gat­la­gy­nyň äh­li ýe­rin­den di­ýen ýa­ly bu aky­myň çyk­ýan­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Ine­dör­dül san­ti­metr­den ha­sap­la­nyň­da, se­kunt­da or­ta­ça 50 müň ion kos­mo­sa ibe­ril­ýär. Ug­le­ro­dyň bir bö­le­gi­niň Gün ýel­le­ri we mik­ro­me­teo­rit­ler ar­ka­ly Aýa ara­laş­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­sak, bu ga­ra­şyl­ýan­dan has ýo­ka­ry­dyr.
Mun­dan baş­ga-da, ba­zalt düz­lük­le­ri has köp ug­le­rod zyň­ýar. Bu ýag­daý ele­men­tiň ýer­li ge­lip çy­ky­şy­ny gör­kez­ýär: ga­tan la­wa bi­len ör­tü­len pes­lik­ler bir­ne­me ýaş we he­niz özü­niň ug­le­rod äti­ýaç­lyk­la­ry­ny ýi­ti­rip ýe­tiş­män­dir.
Ýö­ne iň köp ýaý­ran ug­le­rod bir­leş­me­le­ri (kar­bo­nat­lar ýa­ly) ýo­ka­ry tem­pe­ra­tu­ra çy­dam­ly däl­dir. Ol ug­le­rod­lar dar­gap, älem gi­ňiş­li­gi­ne ýaý­ra­ýan kö­mür­tur­şy ga­zy gör­nü­şin­de daş­ky gur­şa­wa çyk­ýar. Gy­zan bu­lut­lar­dan eme­le ge­len Aý­da üýt­gäp dur­ýan bu ele­men­tiň uly äti­ýaç­lyk­la­ry nä­dip eme­le ge­lip bi­ler? Mu­ňa en­tek jo­gap ýok.
Şeý­le-de bol­sa, ony tap­mak müm­kin we Teý­ýa bi­len çak­ny­şyk ba­ra­da­ky na­za­ry­ýe­ti in­kär et­me­giň ze­rur­ly­gy ýok. Mun­dan ozal bar­lag ge­çi­ri­ji­ler as­man ji­si­mi­niň özün­de ep-es­li su­wy nä­dip sak­lan­dy­gy­ny dü­şün­di­rip­di­ler. Eger bu ne­ti­je ber­me­se, Aýyň te­bi­ga­ty ba­ra­da­ky so­wa­ly tä­ze­den goz­ga­ma­ly bo­lar.