Nobel – açyşlara bagyşlanan baýrak: Şwed oýlap tapyjysy Alfred Nobel özüniň ähli mirasyny her ýyl fizika, himiýa, edebiýat, lukmançylyk we parahatçylyk ýaly ugurlarda adamzat üçin peýdaly bolan açyşlara bagyş edýär. Ilkinji gezek Nobel baýragy 1901-nji ýylda berildi.
Ýal ýolbarsyň güýjüni görkezýär: käbir haýwanlaryň boýnunyň üstünde zolak bolup ösýän ösgün gyla ýal diýilýär. Güýçli ýolbarslaryň ýaly has ösgün bolup, olary haýbatly görkezýär.
Magnitiň güýji nädip gaçýar: magnitiň içindäki atomlaryň ýerleşişi oňa “özüne çekiji” häsiýetleri berýär. Metal materiallary özüne dartýan magnitiň atomlary dargap ýa-da ýerini üýtgedip başlasa, onuň güýji gaçýar. Gyzgyn ýerde uzak wagt dursa, magnitiň düzümindäki atomlar giňeýär we bir-birini gysyp, ýerini üýtgedýärler. Şeýlelikde, magnit öz häsiýetini ýitirýär.
Synçgylawugyň sebäbi: synçgylawuk öýkeniň aşagyndaky kükrek myşsalarynyň birden gysylmagy netijesinde emele gelýär. Bu sebäpden içimizdäki howa uly tizlik bilen daşyna çykýar we ses perdeleriniň birden ýapylmagyna sebäp bolýar. Netijede, synçgylawuk emele gelýär. Synçgylawugy aýyrmak üçin dürli usullar ulanylýar. Bir zatdan gorkmagyň, suw içmegiň, belli bir wagt demiňi saklamagyň synçgylawugy aýyrýandygy aýdylýar. Bir dilim limona şeker sepip iýmek hem oňa peýda edýär.