Ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly dü­züm­le­riň ös­dü­ril­me­gi­ne, döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da yl­myň we teh­ni­ka­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Bu ugur­da ýo­ka­ry yk­dy­sa­dy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­dü­ril­me­gi öz ge­ze­gin­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bu bol­sa, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň ba­zar gi­ňiş­li­gin­de eýe­le­ýän or­nu­ny ber­kit­mä­ge ýar­dam ber­ýär.
Dün­ýä­de san­ly ul­ga­myň dö­re­me­gi bir­nä­çe pu­da­ga öz tä­si­ri­ni ýe­tir­di. San­ly­laş­ma­gyň ös­me­gi tä­ze hü­när­le­riň, kär­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ip, yk­dy­sa­dy­ýe­te-de tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Hä­zir­ki wagt­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýet adal­ga­sy has köp ula­nyl­ýar. Eý­sem, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň nä­hi­li peý­da­la­ry bar? Haý­sy ugur­lar san­ly yk­dy­sa­dy­ýet­den gir­de­ji ga­zan­ýar?
San­ly öw­rü­li­şik söw­da­ny gör­ne­tin öz­gert­di. Däp bo­lup gel­ýän mar­ke­ting we sa­tyş usul­la­ry bi­len bir ha­tar­da san­ly mar­ke­tin­giň hem äh­mi­ýe­ti ar­typ baş­la­dy. Kom­pa­ni­ýa­lar elekt­ron söw­da has köp äh­mi­ýet be­rip baş­la­dy­lar. Elekt­ron söw­da müş­de­ri­le­riň is­le­gi hem ýo­ka­ry bol­dy. Şeý­le hem, adam­la­ryň öz ara­la­ryn­da­ky söw­da­la­ryn­da hem elekt­ron söw­da­dan giň­den peý­da­la­ny­lyp baş­lan­dy. Mar­ke­ting­de we ma­ha­bat ba­bat­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýet­dä­ki ösüş­ler in­ter­net saýt­la­ry­nyň hem goş­ma­ça gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ge­tir­di. Şeý­le­lik­de, in­ter­net ar­ka­ly hö­dür­len­ýän ma­ha­bat­la­ryň pa­ýy açyk meý­dan­da­ky we köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­dä­ki ma­ha­bat bi­len de­ňeş­di­re­niň­de ar­typ baş­la­dy.
Söw­da­nyň in­ter­net ar­ka­ly ös­me­gin­de elekt­ron ul­gam­da­ky mag­lu­mat­la­ryň, şol san­da aý­dym-saz­la­ryň, film­le­riň… art­ma­gy­nyň hem tä­si­ri uly. Bu mag­lu­mat­la­ry oka­mak, diň­le­mek, gör­mek, to­ma­şa et­mek is­le­ýän ula­ny­jy­la­ra ma­ha­bat hem hö­dür­len­ýär. Hä­zir­ki wagt­da in­ter­net­den haý­sy­dyr bir zat göz­le­nen­de, esa­san “Go­og­le”-dan peý­da­la­nyl­ýar. Şol se­bäp­li, teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy in­ter­net­dä­ki rek­la­ma­lar­dan hem has köp paý al­ýar. Smart­fon we beý­le­ki elekt­ron en­jam­la­ry ön­dür­ýän “App­le” bol­sa, dün­ýä­niň iň köp aý­dym-saz üp­jün edi­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan “Ama­zon” bol­sa, köp ýurt­da on­laýn söw­da edil­ýän iň uly şe­re­ket ha­sap­lan­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa­la­ryň ne­ti­je­li bol­ma­gyn­da di­ňe bir teh­no­lo­gi­ýa şe­re­ket­le­ri bol­ma­gy däl, eý­sem, ekoul­ga­my dö­re­dip bil­mek­le­ri­niň hem tä­si­ri bar. My­sal üçin, “iP­ho­ne” smart­fo­ny­ny sa­tyn alan müş­de­ri di­ňe gep­leş­mek üçin däl, eý­sem, dür­li prog­ram­ma­lar­dan peý­da­lan­mak üçin hem sa­tyn al­ýar. Müş­de­ri te­le­fo­ny ar­ka­ly ni­re­de nä­me sa­tyl­ýa­ndy­gyny, ola­ryň hi­li­ni, ba­ha­sy­ny, gün­de­lik tä­ze­lik­le­ri, dün­ýä­niň tä­sin ýer­le­ri­ni, mek­dep­de oka­dyl­ýan ders­le­ri, sport du­şu­şyk­la­ry­ny, iş ýe­ri bi­len bag­ly tä­ze­lik­le­ri gö­rüp bil­ýär. Ýag­ny müş­de­ri­niň smart­fo­ny ar­ka­ly ulan­ýan prog­ram­ma­la­ry güý­men­je, ma­li­ýe, biz­nes, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk, ulag ýa­ly ul­gam­la­ry bir ýer­de jem­le­ýär. Şeý­le­lik­de, baý san­ly ekoul­gam eme­le gel­ýär.
Bi­ler­men­ler san­ly ul­ga­myň daş­ky gur­şaw, ulag, ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy, se­na­gat­laş­ma­gyň no­bat­da­ky nes­li ýa­ly ugur­la­ra özü­niň oňyn tä­siri­ni ýe­tir­me­gi­ni do­wam et­dir­jek­di­gi­ni bel­le­ýärler.

Jep­bar Ba­ba­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag
kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.