Ýewropanyň Çempion Klublarynyň Kubogy ýaryşynyň 7-nji möwsüminde 29 topar çykyş edýär. 1961-nji ýylyň 23-nji awgustynda saýlama tapgyrynyň duşuşyklary bilen başlan ýaryş, 1962-nji ýylyň maýynda tamamlanýar. Saýlama tapgyrynda “Ýuwentus” “Panatinaikosdan” üstün çykyp, 3-nji synanyşygyndan soň, 1-nji tapgyra çykýar. Bu tapgyrda käbir toparlar uly hasaply ýeňişler gazanýar. Daniýanyň “Boldklubben 1913” topary Lýuksemburgyň “Spora” toparyny 6–0 we 9–2 hasaplar bilen ýeňýär. “Tottenham” topary 1-nji oýunda myhmançylykda Polşanyň “Gornik Zabrze” toparyndan 4–2 utulýar. Ýöne iňlis kluby jogap oýnunda 8–1 ýeňiş gazanýar. Ilkinji 5 ýaryşyň çempiony “Real Madrid” saýlama tapgyrynda wengerleriň “Wasas” toparyny 2 ýerde-de ýeňlişe sezewar edýär.
Lissabonda uly hasaply ýeňişler
1-nji tapgyrda “Real Madrid” “Boldklubben 1913”-i myhmançylykda 3–0, öz meýdançasynda-da 9–0 utýar. Birinji oýunda Puşkaş 2, ikinji oýunda Di Stefano 3, Hento bilen Del Sol bolsa, 2 gol geçirýär. “Ýuwentus” “Partizany” 2–1 we 5–0 hasaplar bilen ýeňip, çärýek finala adyny ýazdyrýar. Soňky çempion “Benfika” toparyna bolsa, “Austria Wieni” ýeňmek kyn düşmeýär. Myhmançylykda 1–1 oýnan portugal kluby Lissabonda ýyldyzlarynyň gollary bilen 5–1 hasabynda ýeňşini baýram edýär.
Çärýek finalda “Benfikanyň” garşydaşy “Nürnberg” bolýar. Nemes topary öz meýdançasynda 3–1 ýeňýär. Ýöne jogap oýnunda “Benfika” ýene-de ýyldyzlarynyň şowly oýny bilen 6–0 hasabynda ýeňiş gazanyp, ýarym finala çykýar. Jogap oýnunda Eýsebio bilen Augustonyň hersi 2 gezek tapawutlanýar. “Real Madrid” topary “Ýuwentus” bilen bije çekişip, ispan kluby Turinde Di Stefanonyň goly esasynda 1–0 ýeňiş gazanýar. Emma olar Madridde Omar Siworiniň ýeke-täk pökgüsi bilen 1–0 utulýar. Soňra Parižde 3-nji duşuşyk oýnalýar we bu oýunda ýaryşyň has tejribeli kluby Felo, Del Sol hem-de Tehadanyň gollary bilen 3–1 hasabynda ýeňiş gazanýar. “Dukladan” 1-nji oýunda 1–0 utulan “Tottenham” öz meýdançasynda Smit (2) we Makkaýyň (2) gollary bilen 4–1 ýeňýär. “Reýnjersi” 1-nji oýunda 4–1 utup, jogap duşuşygynda 2–0 utulan “Standard Liež” 4-nji ýarym finalçy bolýar.
Ýarym finalda “Real Madrid” topary “Standard Lieži” 4–0 (Di Stefano 23, Tehada 38, 78, Kasado 48) we 2–0 (Puşkaş 50, Del Sol 60) hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär. Beýleki ýarym finalda bolsa, “Benfika” öz meýdançasynda “Tottenhamy” 3–1 utýar. Jogap duşuşygynda “Tottenham” 2–1 ýeňiş gazansa-da, olara finala çykmak başartmaýar.
“Barselonadan” soň, “Real Madridi” hem ýeňýär
Final duşuşygy 1962-nji ýylyň 2-nji maýynda Amsterdamdaky Olimpiýa stadionynda oýnalýar. 61257 janköýeriň gatnaşan duşuşygynda gollandiýaly Leo Horn jürlewük çalýar. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda 5 pökgi derwezä girizilýär. Şolaryň 3-sini “Real Madrid”, has takygy, ispan toparynyň super ýyldyzy Ferenç Puşkaş öz adyna ýazdyrýar. Oýnuň 18-nji we 23-nji minutlarynda Puşkaş “Realy” 2–0 öňe saýlaýar. Portugal topary bolsa Aguaşyň 25-nji, Kawemiň 33-nji minutlardaky gollary bilen hasaby deňleýär. Ýöne toparlar arakesmä “Realyň” üstünligi bilen çykýarlar. 39-njy minutda ýene-de Puşkaş tapawutlanýar we 2-nji gezek finalda het-trik eden ilkinji futbolçy bolýar.
Ikinji ýarymda meýdança has tijenip çykan “Benfika” topary Mario Kolunanyň 51-nji minutdaky goly bilen hasaby deňleýär. Şondan soň, başga bir geljekki super ýyldyz peýda bolýar. Gara pantera lakamly Eýsebio 64-nji minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, toparyny öňe çykarýar. 69-njy minutda-da ol oýna soňky nokady goýýar. Onuň bu gollary täze ýyldyzyň dogýandygyny görkezýär. Şunlukda, wengriýaly tälimçi Bela Guttmanyň tälimçiliginde “Benfika” bassyr 2-nji gezek UEFA-nyň iň uly kubogyny eýeleýär. Mundan bir ýyl ozal, “Barselonany” ýeňen “Benfika” bu gezekki finalda başga bir ispan topary “Real Madridi” ýeňlişe sezewar edýär. Bu ýeňiş “Benfikanyň” UEFA-nyň ýaryşlaryndaky iň soňky çempionlygy bolýar.
UEFA Çempionlar
ligasynyň taryhyndan
Ýewropanyň Çempion
Klublarynyň
Kubogy — 1961–1962
Gatnaşan topar: 29
Geçirilen duşuşyk: 55
Tora salnan gollar: 222 (ortaça 4,04)
Iň netijeli oýunçy: Alfredo Di Stefano, Ferenç Puşkaş, Husto Tehada (“Real Madrid”), Bent Lýokwist (“Boldklubben 1913”), Haýns Ştrel (üNürnberg”) – 7 gol
Saýlama tapgyry
“Nürnberg” (Günbatar Germaniýa)–“Drumkondra” (Irlandiýa): 5–0, 4–1, “Stýaua”–“Austria Wien”: 0–0, 0–2, “Serwette”–“Hibernians” (Malta): 5–0, 2–1, “SDNA Sofiýa”–“Dukla Praga”: 4–4, 1–2, “Gýoteborg”–“Feýenoord”: 0–3, 2–8, “Gornik Zabrze” (Polşa)–“Tottenham”: 4–2, 1–8, “Standard Liež”–“Fredrikstad” (Norwegiýa): 2–1, 2–0, “Worwarts Berlin” (Gündogar Germaniýa)–“Linfild” (D. Irlandiýa): 3–0, 3–0, “Monako”–“Reýnjers”: 2–3, 2–3, “Sporting”–“Partizan”: 1–1, 0–2, “Panatinaikos”–“Ýuwentus”: 1–1, 1–2, “Spora Lýuksemburg”–“Boldklubben 1913” (Daniýa): 0–6, 2–9, “Wasas” (Wengriýa)–“Real Madrid”: 0–2, 1–3.
1-nji tapgyr
“Fenerbahçe”–“Nürnberg”: 1–2, 0–1
“Austria Wien”–“Benfika”: 1–1, 1–5
“Serwette”–“Dukla Praga”: 4–3, 0–2
“Feýenoord”–“Tottenham”: 1–3, 1–1
“Boldklubben 1913”–“Real Madrid”: 0–3, 0–9
“Partizan”–“Ýuwentus”: 1–2, 0–5
“Standard Liež”–“Haka” (Finlýandiýa): 5–1, 2–0
“Worwarts Berlin”–“Reýnjers”: 1–2, 1–4.
Çärýek final
“Nürnberg”–“Benfika”: 3–1, 0–6
“Dukla Praga”–“Tottenham”: 1–0, 1–4
“Ýuwentus”–“Real Madrid”: 0–1, 1–0, 1–3
“Standard Liež”–“Reýnjers”: 4–1, 0–2
Ýarym final
“Real Madrid”–“Standard Liež”: 4–0, 2–0
“Benfika”–“Tottenham”: 3–1, 1–2
FINAL (Olimpiýa stadiony, Amsterdam)
“BENFIKA”—“REAL MADRDID”: 5–3
(Aguaş 25, Kawem 33, Koluna 51,
Eýsebio 64 p, 69 — Puşkaş 18, 23, 39)